Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2021

Новости за 21.11.2021

Berdimuhamedow krizis döwri ýene bir kaşaň myhmanhanany açdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy noýabrda Aşgabadyň demirgazyk böleginde “Garagum” myhmanhanasynyň açylyşyna gatnaşdy. Kaşaň myhmanhana ýurtda ýiti ykdysady krizis dowam edýän wagty açyldy. Döwlet media serişdelerine görä, ilkinji gezek 2018-nji ýylda gürrüňi edilen bu myhmanhananyň gurluşygyny “Rönesans Holding” kompaniýasy ýerine ýetiripdir. 6,8 gektar meýdanda ýerleşýän myhmanhana 7 gatdan ybarat bolup, binada 87 otag bar. Resmi habarda myhmanhananyň gurluşygy üçin... Читать дальше...

Owganystanda türkmen ilçisi “Talyban” bilen TOPH-y maslahat etdi

Azathabar.com 

20-nji noýabrda Owganystanyň günbataryndaky Herat welaýatynda türkmen ilçisi Hoja Öwezow we beýleki resmiler “Talyban” hökümetiniň dag-magdanlar we nebit ministriniň ýerine ýetirijisi Mohammad Isa bilen duşuşdylar. Bu barada Tolonews habarlar gullugy maglumat berýär. Maslahatyň dowamynda türkmen ilçisi TOPH gazgeçirijisine, şeýle-de beýleki “bilelikdäki ykdysady” proýektlere goldawyny äşgar edipdir. “Eger-de siz bize serişdeleri berseňiz, bu TOPH-uň, optiki süýmli geçirjileriň we demirýollaryň ýoluny açar” diýip... Читать дальше...

Hytaýly tennis ýyldyzynyň howpsuzlygy baradaky aladalaryň arasynda, onuň suratlary çap boldy

Azathabar.com 

Hytaýyň tennis boýunça edarasy 21-nji noýabrda belli tennis oýunçysy Peng Şuainiň Pekinde janköýerlerine ellerini galgadýan suratlaryny çap etdi. Şol bir wagtda, Pengiň ozalky wise-premýeri jynsy zorlukda aýyplamagyndan soň onuň gözden ýitendigi baradaky aladalar agzalmady. Halkara jemgyýetçiligi Hytaýyň Kommunistik partiýasyna basyş edip, Olimpiýa oýunlarynyň üç gezek ýeňijisi we dünýäniň ozalky birinji belgili oýunçysy Pengiň ýagdaýy we howpsuzlygy barada maglumat bermegini talap edýär. Kommunistik... Читать дальше...

Polşa migrant krizisini Ýewropany ‘durnuksyzlaşdyrmak boýunça edilen iň uly synanyşyk’ atlandyrdy

Azathabar.com 

Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieçki Belarus bilen serhetdäki migrant krizisini Sowuk urşy döwründen bäri “Ýewropany durnuksyzlaşdyrmak boýunça edilen iň uly synanyşyk” diýip häsiýetlendirdi. Morawieçki 21-nji noýabrda özüniň Twitter hasabynda ýerleşdiren ýazgysynda diýdimzor Aleksandr Lukaşenkany Ýewropa Bileleşigine garşy “gibrid urşuny” başlatmakda aýyplady. Şol gün Polşa “juda gazaply” diýip häsiýetlendiren 100-e golaý migrantyň serhetden bikanun geçjek bolandygyny hem mälim etdi. Читать дальше...

Ermenistan Türkiýäni gatnaşyklary gowulandyrmak boýunça “täze şertleri” orta atmakda aýyplaýar

Azathabar.com 

Ermenistanyň daşary işler ministri Türkiýäni iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary durnuklaşdyrmak boýunça tagallalara “täze şertleri” orta atmakda aýyplady. Bu barada Ararat Mirzoýan Fransiýanyň  Le Figaro neşirine 11-nji noýabrda Pariže eden saparynyň dowamynda aýtdy. Söhbetdeşlik 20-nji noýabrda Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap boldy. Mirzoýan Türkiýäniň 2020-nji ýylda Daglyk-Garabag sebiti üstünde turan uruşda Azerbaýjana “uly goldaw” bermegine hem garamazdan, Ýerewanyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса