Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 21.12.2021

AZIÝA 360. Talak. Telefon arkaly nikany bozmak

Azathabar.com 

Merkezi Aziýadaky islendik nikany bozup bilýän söz. Talak – bu yslam kanunynda «nikany bozmak». Häzirki wagtda erkekler nikany telefon arkaly ýa-da SMS ýollap bozýarlar. Aýallaryň we çagalaryň geljek ykbalynyň nähili boljakdygy hakda, üç gezek aýdylýan keramatly söz?!

Maryda we Balkanda tozanly ýel turdy

Azathabar.com 

Mary we Balkan welaýatlarynda güýçli tozanly ýel turdy. Bu barada habar berýän habarçylarymyz tozanly ýeliň netijesinde köçelere howadan çäge ýagýandygyny we uzak aralygy görüp bolmaýandygyny aýdýarlar. Balkanyň käbir etrap resmileri orta mekdeplerde we edara-kärhanalarda duşuşyklary geçirip, güýçli ýel barada duýduryş berdi. Maryda we Balkanda güýçli ýel 21-nji dekabrda irden sagat 10 töwereginde başlandy. Bu makala efire taýýarlanýan wagty, ýel güýçlenip, dowam edýärdi. "Prezidentiň ogly gelýänligi sebäpli ähli ýerlerde ýowar geçirilýär.

Lebabyň we Marynyň häkimiýetleri bazarlardaky bahalary mejbury arzanladyp, kiçi Berdimuhamedowa garaşýar

Azathabar.com 

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň öňümizdäki günlerde Lebap we Mary welaýatlaryna sapar etmegine garaşylýar. Munuň bilen bagly, iki welaýatda-da güýçli taýýarlyklar dowam edýär. Häkimiýetler bir tarapdan, giň gerimli arassaçylyk işlerini geçirse, beýleki tarapdan, bazarlarda satyjylaryň hasabyna "arzan azyk bolçulygyny" döretmäge çalyşýar. Mal etini arzan bahadan satmakdan ýüz öwren telekeçiler bazardan kowulýar. Bu waka, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa bazarlara... Читать дальше...

Lebap bazarlary kiçi Berdimuhamedowyň nyrh barlaglaryna taýýarlanýar

Azathabar.com 

Kiçi Berdimuhamedowyň Lebaba geljegi baradaky habar sebitde uly başagaýlyk döretdi; gowaça meýdanlarynda galan pagta übtüklerini çöplemekden azat edilen býujet işgärleri köpçülikleýin we gyssagly arassaçylyk işlerine çekilýär ýa-da talap edilen pullary tapmaly diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär. Bu başagaýlyk 17-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde prezident tarapyndan berlen tabşyryklar, baýramçylykdan öň bazarlarda wagtlaýyn bolçulyk döretmek praktikasy bilen baglanyşykly.

ABŞ-nyň howpsuzlyk maslahatçysy: Birleşen Ştatlar ukrain serhedinde toplanan rus goşunlary boýunça dialoga taýýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Sulliwan rus kärdeşi bilen geçiren gepleşiginde Ukraina serhedine golaý sebitlerde rus goşunynyň toplanmagy boýunça Waşingtonyň diplomatik dialoga taýýardygyny, ýöne islendik dialogyň Ýewropadaky hyzmatdaşlar we ýaranlar bilen utgaşykly geçirilmelidigini aýtdy. Sulliwan prezident Wladimir Putiniň daşary syýasat maslahatçysy Ýuriý Uşakowa Birleşen Ştatlaryň köp dürli kanallar arkaly, şol sanda ikitaraplaýyn esasda, NATO-Russiýa geňeşiniň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk... Читать дальше...

"Türkmenistan nusgawy kleptokratiýa". "Crude Accountability" türkmen režiminiň esasy meselelerini görkezdi

Azathabar.com 

Türkmenistan göreldeli kleptokratiýa bolup, döwletiň girdejileri talanýar we ýurduň prezidenti ägirt uly we peýdasyz proýektlere milliardlarça dollar harçlaýar. Bu netije "Crude Accountability" halkara guramasynyň Türkmenistan baradaky täze hasabatynda öňe sürülýär. Hasabatda ýurtdaky häzirki agyr ykdysady krizisiň maliýe serişdeleriniň näderejede manysyz ulanylandygyny subut edýändigi bellenýär. Hasabatyň awtorlary, dünýäniň iň düşnüksiz ykdysadyýetli ýurdunyň, prezident Berdimuhamedowyň döwründe hasam ýapylandygyny belleýärler. Читать дальше...

Metbugat habarlary: Russiýa Ýapon deňzinde ganatly raketa synaýar

Azathabar.com 

Russiýanyň suwasty gämisi Ýapon deňzinden “Kalibr” kysymly ganatly raketa iberdi. Raketa müň kilometr aradaşlykda ýerleşýän guryýer nyşanasyny urar diýip, rus habar agentlikleri 21-nji dekabrda habar berdi. “Petropawlowsk-Kamçatskiý” dizel-elektrik suwasty gämisi Russiýanyň guryýer tälim-türgenleşik poligonynda ýerleşýän nyşanany üstünlikli urdy diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi aýtdy. Russiýanyň Ýuwaş umman floty gizlin herekete harby deňiz gämileriniň, uçarlaryň we uçarmansyz uçarlaryň gatnaşandygyny aýtdy. Читать дальше...

Ukraina eks-prezident Poroşenkony dönüklikde aýyplaýar

Azathabar.com 

Ukrain häkimiýetleri öňki prezident Petro Poroşenkony ýurduň gündogar sebitlerinde hökümet güýçlerine garşy söweşýän rus goldawly separatistleriň maliýeleşdirilmegi bilen ilteşikli bolmakda aýyplap, oňa garşy dönüklik aýyplamasy boýunça resmi derňew işlerine girişdi. Döwlet derňew býurosy 20-nji dekabrda Poroşenkonyň “dökünlikde” hem-de gündogar Ukrainanyň Donetsk we Lugansk sebitlerine gözegçilik edýän separatistleri goldamakda güman edilýändigini aýtdy. Derňew býurosy separatistleri “terror guramalary” atlandyrdy. Читать дальше...

Belarus özüniň Londondaky ilçihanasyna edilen ‘hüjümde’ bir diplomatynyň ýaralanandygyny öňe sürýär

Azathabar.com 

Belarus özüniň Londonda ýerleşýän ilçihanasyna bir topar adamyň hüjüm edip, ilçihananyň haýatyna zyýan ýetirendigini, özüniň birnäçe diplomatyna fiziki hüjüm edilendigini we bir diplomatynyň “agyr” ýaralanandygyny öňe sürýär. Londonyň Metropol polisiýasy 19-njy dekabrda diplomatik wekilhananyň daşynda turan goh-galmagala polisiýanyň çagyrylandygyny aýtdy. Şeýle-de, polisiýa bir “ilçihana işgäriniň özüne hüjüm edilip, ýüzüniň ýaralanandygyny aýdandygyny” mälim etdi. Polisiýa 20-nji dekabrda beren... Читать дальше...

Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk maslahatçysy: ABŞ ukrain serhedinde toplanan rus goşunlary boýunça dialoga taýýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Sulliwan rus kärdeşi bilen geçiren gepleşiginde Ukraina serhedine golaý sebitlerde rus goşunynyň toplanmagy boýunça Waşingtonyň diplomatik dialoga taýýardygyny, ýöne islendik dialogyň Ýewropadaky hyzmatdaşlar we ýaranlar bilen utgaşykly geçirilmelidigini aýtdy. Sulliwan prezident Wladimir Putiniň daşary syýasat maslahatçysy Ýuriý Uşakowa Birleşen Ştatlaryň köp dürli kanallar arkaly, şol sanda ikitaraplaýyn esasda, NATO-Russiýa geňeşiniň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса