Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar
Türkmenistanda soňky birnäçe gün bäri Internet torunyň nurbatlary berk towlanýar, petiklemeleriň gerimi giňeýär. Synçylar häkimiýetleriň Internet petiklemeleri bilen, aslynda, ýurduň ösüşini petikleýändiklerini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji iýulda häzirki wagtda Türkmenistanda ozal erkin elýeterli bolan hytaý we türk söwda websaýtlarynyň açylmaýandygyny habar berdi. Ýöne diňe bir söwda sahypalary däl, eýsem, Aşgabatdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň websaýtlary hem VPN-siz açylmaýar. Читать дальше...