Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27 28

Новости за 21.02.2025

Raýatlaryň daşary ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen wakalar köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda raýatlaryň Aşgabat halkara aeroportundan daşary ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen bagly wakalar göz-görtele köpelýär. Bu ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan türkmenistanlylaryň ençemesi häkimiýetleriň raýatlaryň daşary ýurtlara gitmeginiň öňüni almak bilen bagly emeli päsgelçilikleri döredýändigini aýdýar. “Türkmenistany terk etmäge synanyşýan türkmen raýatlarynyň esasan resminamalarynda, hamala, kemçilik bar ýaly edilýär. Ýurduň migrasiýa, serhet gulluklarynyň işgärleri we... Читать дальше...

Türkmen hökümetiniň sanlary etniki azlyklaryň köpdügini tassyklaýar, emma olara ene dilinde okamak şerti döredilmeýär - synçy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň geçen ýyl çap eden ilat sany etnik azlyklaryň öz dillerinde okamagy üçin şertiň bardygyny, olaryň mekdeplerde dürli dillerde synp açmak üçin san taýdan köpdügini görkezdi. Emma Türkmenistanda ilat diňe türkmen dilinde bilim alyp bilýär, şeýle-de rus dilinde okadýan az sanly klaslar saklanýar. Ýurtda özbekler, gazaklar, azeriler, ermeniler, ruslar, kürtler, buluçlar, parslar we ýene birnäçe milletleriň wekilleri ýaşaýar. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky synçysy ýurtda başga milletleriň... Читать дальше...

Häkimiýetler Remezan aýynyň başlanmagyna 15 gün galanda ýaremezan aýdyp başlan çagalara garşy göreşýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatynda bu ýyl çagalar ýaremezan aýdymlaryny musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň başlanmagyna ýarym aý galanda aýdyp başladylar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýaremezan däbiniň dilegçiligiň bir görnüşine öwrülýändigini, çagalaryň aýdym aýdyp, halkdan sadaka soraýandygyny aýdýar. Bu aralykda, häkimiýetler çagalaryň ýaremezan aýtmagynyň öňüni almaga çalyşýarlar, ymamlar wagyzlary ýaýradýarlar. “Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde Oraza aýynyň başlanmagyna 15 gün galanda... Читать дальше...

Özbegistanda Ikinji jahan urşuna gatnaşanlara $10 müň pul sylagy berler

Azathabar.com 

Bu ýyl Ikinji jahan urşuna gatnaşanlaryň we uruşda maýyp bolanlaryň hersine 10 müň dollar, söweşe gatnaşan bilen deň görülýän her bir adama - 25 million sum (1930 dollar) we zähmet frontuna gatnaşanlaryň her birine  3 million sum (230 dollar) tölener. Bu habar Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 9-njy maý - Hatyra we Hormat güni hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli weteranlary sylaglamak barada çykaran kararyna esaslanýar. Geçen ýyl Özbegistanda Ikinji jahan... Читать дальше...

Türkmenistana ýüzlerçe gülgüne flamingo gyşlamaga geldi

Azathabar.com 

Ýüzlerçe gülgüne flamingo Türkmenistanyň deňiz kenarynda ýerleşýän Hazar döwlet goraghanasyna gyşlamaga gelýär diýip, rus metbugaty habar berýär. Türkmen metbugaty ýurduň Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň güýz we gyş möwsümlerinde hemişeki gyşlaýan ýerlerine dolanýandygyny belleýär. Türkmenistanda we GDA ýurtlarynda flamingonyň bir görnüşiniň — gyzyl ganatly, gülgüne öwüsýän adaty flamingonyň köp duşýandygy aýdylýar. Bu guşlary Ýewraziýanyň we Afrikanyň köp sebitinde görmek bolýar. Olaryň höwürtge edinip... Читать дальше...

Saud Arabystany Türkmenistana ýene 25 tonna hurma iberdi

Azathabar.com 

Saud Arabystany 20-nji fewralda Türkmenistana Oraza aýyna gabatlap 25 tonna hurma gowşurdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Saud Arabystanynyň ilçihanasynyň binasynda patyşa Salman adyndaky goldaw-hemaýat merkeziniň iberen 25 tonna hurmasyny gowşurmaga bagyşlanan dabara patyşalygyň Aşgabatdaky ilçisiniň wezipesini ýerine ýetirýän wekil Nawaf Al-Raşid, Türkmenistanyň dini  edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Habarda bellenmegine görä, sowgat berlen hurmalar ýurduň metjitlerine we dini edaralaryna paýlanylar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса