Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
22
23 24 25 26 27 28
29
30
31

Новости за 13.03.2025

Balkanda et, balyk we miwe önümleriniň bahalary 1,5 esse çemesi gymmatlady

Azathabar.com 

Şu günler musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Balkan welaýatynyň sebit merkezindäki söwda dükanlarynda we bazarlarda iýmit önümleriniň bahalary ortaça 1,5 esseden gowrak gymmatlady. Günüň dowamynda agyzlaryny bekläp, agzaçar sadakalaryny berýän adamlar bazarlarda bahalaryň ýokarlandyrylmagyndan nägile bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy käbir azyk önümleriniň bahalary boýunça maglumat toplady. “Bananyň bir kilogramy 35 manatdan 50 manada, apelsin 15 manatdan takmynan 25-26 manada... Читать дальше...

Azatlygyň maglumatyndan soň, häkimiýetler Büzmeýinde ilatyň suw üpjünçiligini dikeltdi

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň käbir ýaşaýyş jaýlarynda ilata bir aý bäri agyz suwunyň berilmeýändigi barada maglumat taýýarlandan iki gün soň, häkimiýetler bu jaýlarda suw üpjünçiligini gaýtadan ýola goýdular. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji martda paýtagtdan maglumat berdi. “Ilatyň bir aý bäri suwsuz kösenýändigi barada Azatlyk Radiosynda çykan maglumatdan iki gün geçip-geçmänkä, 12-nji martda ýaşaýyş jaýlaryna suw berdiler” diýip, etrap ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy. Читать дальше...

Eýran BAE-niň wekiliniň Trampyň iberen hatyny Hameneýine gowşurandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Eýran Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary derejeli wekiliniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň iberen hatyny yslam respublikasynyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýine gowşurandygyny aýtdy. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Esmail Bakaei 12-nji martda ýarym resmi ISNA habar gullugyna beren maglumatynda bu haty Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Anwar Gargaşyň gowşurandygyny mälim etdi. Tramp geçen... Читать дальше...

Pakistanyň otlusynda zamun alnan 100-den gowrak adamyň ykbaly näbelliliginde galýar

Azathabar.com 

Pakistanyň harby çeşmeleri ýurduň günorta-günbatarynda 400-den gowrak adamy alyp barýan ýolagçy otlusyny ogurlan söweşijileriň “zyýansyzlandyrandygyny” aýdýarlar. Emma garaşsyz tassyklamanyň ýoklugy we söweşijileriň garşylykly beýannamalary sebäpli şübheler dowam edýär. Harby çeşmeler 12-nji martda Azatlyk Radiosynyň Maşaal radiosyna beren maglumatynda Bolan etrabynda alnyp gaçylan otluda we töwereginde azyndan 32 söweşijiniň öldürendigini aýtdylar. Bu etrap Bulujystan welaýatynyň paýtagty Kwetta şäherinden 160 km uzaklykda ýerleşýär. Читать дальше...

Doňdurylan arzuw-hyýallar. Amerika näme üçin Grenlandiýany eýelemek isleýär?

Azathabar.com 

11-nji martda Grenlandiýada saýlawlar geçirildi. Grenlandiýalylar ýetip gelýän geosyýasy çaknyşygyň öň ýanynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Daniýa degişli adany Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna goşmak baradaky çagyryşlary wagtynda, ses berişlige gatnaşdylar. Ahyrky netijeler entek belli däl, ýöne geçirilen soraglara görä, dünýäde iň uly adanyň ýaşaýjylarynyň aglabasy Daniýadan garaşsyzlyk isleýär, emma olar ABŞ-a hem bagly bolmak islemeýär. "Bir ýol bilen biz muňa ýeteris" diýip, Tramp 4-nji martda Kongrese söz berip... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса