
Arkadag şäherindäki bir elektrik üpjünçilik desgasynda dörän howply hadysada iki işçiniň şikeslenmegi we munuň töwrereginde bolup geçen wakalar edara-kärhanalarda, şol sanda önümçilik desgalarynda iş howpsuzlygy, şeýle-de işgärleriň goraglylygy bilen bagly dowam edýän aladalary artdyrdy.
Türkmenistanda metjitlerde çagalara dini sapak bermek gadagan edilýär. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky çeşmeleri ýerli ruhanylardan edilýän bu talabyň güýç gulluklarynyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilýändigini aýdýarlar. MHM-niň wekilleri metjitlere aýlanyp, mollalara çagalara yslam dininden bilim bermezlik, gurhan okatmazlyk, olara arap alfawitini öwretmezlik hakda duýduruş berýärler we dil haty alýarlar. "Güýç edaralaryň wekilleri metjitlere baryp, okap oturan çagalary kowýarlar we... Читать дальше...
Azatlygyň çeşmeleri soňky döwürde durmuş gurýan ýaşlaryň arasynda döwlet edarasynda resmi ýagdaýda nikalaşman, köne türkmençilik esasynda, din wekilleriniň nika gyýmagynda durmuş gurýan jübütleriň barha köpelýändigini, munuň esasy sebäpleriniň biriniň ýurtdaky agyr ykdysady ýagdaý, raýatlaryň Türkmenistanda ‘ýagty geljek’ görmezligi bilen baglydygyny aýdýarlar. “Ahal welaýatynda durmuş gurýan ýaş çatynjalaryň arasynda mollalara nika gyýdyryp, resmi ýagdaýda ZAGS-dan geçmän, resmi nika şahadatnamasyny alman ýaşaýanlar köpelýär. Читать дальше...
Birnäçe gazagystanly 25-nji awgustda Amsterdamdaky gazak ilçihanasynyň golaýynda Gazagystandaky syýasy tussaglary, Marat Jylanbaýewi, Duman Muhhametkerimi, Aýgerim Telužany we beýlekileri türmeden boşatmagy talap edip, protest çäresini geçirdi. Bu habary Azatlygyň Gazak gullugy çap etdi. Protestçileriň redaksiýa iberen wideosynda gazagystanly Kymbat Abeý, Erşat Toleýbaý, Serik Ažibaý we Taskyn Kudaýbergen dagy görkezilýär. Olar: "Ýurdumyzyň we topragymyzyň batyr ogul-gyzlary üçin azatlyk!" diýip gygyrýarlar. Читать дальше...
Lebap welaýatynda ekin meýdanlarynda pagta ýygýanlaryň arasynda öňki tussaglaryň sany köpelýär. Türmeden boşap gelen we ýerli polisiýanyň hasabynda duran öňki tussaglar pagta ýygmaga mejbur edilýär. Türkmenabadyň kanuny goraýjy edaralaryndaky çeşmeleriň sözlerine görä, öňki bendileri polisiýa bölümlerine çagyryp, olary pagta gitmek barada habarly etmek boýunça işler 20-nji awgustda başlanypdyr. "Olaryň ählisine: 'Ýakyn wagtda pagta gitmeli. Telefonlaryňyz hemişe açyk bolsun. Çagyrylsaňyz derrew gelmeli' diýip duýdurylýar" diýip... Читать дальше...
Arkadag şäherindäki bir elektrik üpjünçilik desgasynda dörän howply hadysada iki işçiniň şikeslenmegi we munuň töwrereginde bolup geçen wakalar edara-kärhanalarda, şol sanda önümçilik desgalarynda iş howpsuzlygy, şeýle-de işgärleriň goraglylygy bilen bagly dowam edýän aladalary artdyrdy. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu şäherde gurluşygy dowam edýän binalaryň birinde ýerleşýän elektrik üpjünçilik otagynda ýaňy-ýakynda bolup geçen we iki işçiniň şikeslenmegine alyp gelen hadysynyň ýurduň edara-kärhanalarynda... Читать дальше...
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew "Al-Arabiya" teleýaýlymyna 23 minutlyk interwiýu berdi. Gepleşigiň wideo ýazgysy 26-njy awgustda kompaniýanyň “YouTube” kanalynda peýda boldy, söhbetdeşligiň rus dilindäki ýazgysy döwlet eýeçiligindäki Azerbaýjan habar gullugy "AzerTajyň" web sahypasynda çap edildi. Alyýewiň düşündiriş beren temalarynyň biri soňky aýlarda Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgin ýaramazlaşmagy barada boldy. Munuň sebäbi Azerbaýjan howa ýollarynyň Groznynyň ýokarsynda... Читать дальше...