
Birleşen Ştatlar Eýranda geçýän soňky protestleriň Tähranyň aýdyşy ýaly daşary ýurtlaryň täsirinden däl-de, režimiň "ýalňyş dolandyryşynyň" netijesinde dörändigini aýdýar, soňky ýyllarda yslam respublikasyna iň uly howp salan bu zorlukly basyşlarda ölenleriň sany artýar.
Ahal welaýatynda şu günler gonamçylyklara gözegçilik güýçlendirilip, olaryň her birinde azyndan iki polisiýa işgäri nobatçylyk çekýär. Bu aralykda, ilat arasynda tanalýan molladyr işanlar, palçylar we tebipler Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edaralary tarapyndan soraga çekilýär.
Ahal welaýatynda şu günler gonamçylyklara gözegçilik güýçlendirilip, olaryň her birinde azyndan iki polisiýa işgäri nobatçylyk çekýär. Bu aralykda, ilat arasynda tanalýan molladyr işanlar, palçylar we tebipler Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edaralary tarapyndan soraga çekilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi. “Häzir islendik gonamçylyga barsaň iki polisiýa işgäriniň nobatçylyk çekýändigini görse bolýar. Olar gonamçylyklara gelýän adamlary üns bilen berk gözegçilikde saklap... Читать дальше...
Türkmenistanda işsizlik, garyplyk ýaly agyr ykdysady problemalaryň arasynda aýal-gyzlar üçin iş tampagyň we zähmet çekmegiň şertleri agyrlaşýar, şol sanda olar jynsy gatnaşygyň teklip edilmegi ýaly ýagdaýlara duçar bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary şeýle ýagdaýlaryň ýoň bolandygyny we köp göze ilýändigini habar berýärler. Soňky döwürde iş beriji erkek adamlar tarapyndan gyz-gelinlere iş ýerlerini saklamak üçin jynsy gatnaşykda bolmagy soraýanlar köpeldi diýip, habarçylar bu ýagdaýyň köp edarada... Читать дальше...
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 10 milliard 46 million 52 müň ABŞ dollaryndan geçdi diýip, “Biznes Türkmenistan” Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär. 2025-nji ýylyň dekabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 879 million 911 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Haryt dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmenistan Hytaýa jemi 8 milliard 446 million 482 müň dollarlyk önüm iberdi. Читать дальше...
Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleri 81 täjik raýatyny sowuk howada heläk bolmakdan halas etdiler. Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, Kokşetau şäherinde güýçli aýaz we ýol şertleriniň howpsuz däldigi sebäpli şäher arasynda gatnaýan awtobus saklandy. Awtobusyň içinde 81 daşary ýurtly, şol sanda 17 çaga bar eken. Ýolagçylaryň ählisi Täjigistanyň raýatlary bolup çykdy diýip, habarda bellenýär. "Adatdan daşary ýagdaý ministrliginiň işgärleri, polisiýa bilen bilelikde... Читать дальше...
Türkmenistan, 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Hytaýa geçiriji arkaly gaz ibermegiň möçberi boýunça ikinji orna geçdi diýip, TASS Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi. Hytaýyň Orsýetden edýän gaz importy geçen ýyl 17,1% artyp, 9,41 milliard dollarlyk möçbere ýetdi. Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gaz 12,1% azalyp, 8,41 milliard dollarlyk boldy. Türkmenistan 2024-nji ýylda Hytaýa 9,57 milliard dollarlyk, Russiýa 8,03 milliard dollarlyk gaz eksport etdi. Türkmen... Читать дальше...
Gazagystanda 30 ýyl mundan ozal ýatyrylan wise-prezident wezipesi dikeldiler. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu sözleri Milli gurultaýda, täze parlament özgertmeleriniň kabul edilendigini yglan edende aýtdy. "Men Gazagystan Respublikasynyň wise-prezidenti wezipesiniň döredilmegini we onuň Konstitusiýada degişli derejede berkidilmegini göz öňünde tutýaryn" diýip, Tokaýew aýtdy. Onuň ygtyýarlyklarynyň çäklerini prezidentiň özi kesgitleýär. Wise-prezidentiň, prezidentiň görkezmesi boýunça... Читать дальше...