Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Türkmen mediasy enjamlaryny döwrebaplaşdyryp, tomaşaçylaryny yzyna almagy planlaşdyrýar

0
Türkmenistan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrjagyny aýdýar.


Wise-premýär Bahargül Abdyýewanyň 6-njy sentýabrdaky hökümet maslahatynda habar bermegine görä,Milli telewideniýäniň işini kämilleşdirmek boýunça pudagara topar döredildi; 2019-2025-nji ýyllarda döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmagyň plan-taslamasy taýýarlanyldy.


Şeýle-de ol bu iş üçin “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň ýaýradyjy enjamlaryny döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny aýdyp, döwlet baştutanyndan gerekli enjamlary satyn almak boýunça halkara bäsleşigini yglan etmäge rugsat sorady.


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, şeýle hem işgärleriň hünärleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi.


Türkmenistanlylar ýerli medianyň diňe bir adam, "Arkadag" we onuň gazanandygy aýdylýan üstünlikleri hakynda on ýyl bäri şol bir gürrüňi gaýtalap, öz tomaşaçylaryny "bizar edendigini" aýdýarlar.


Media ekspertleri Türkmenistanyň öz metbugat kanunyny bozup, senzurany dowam etdirýändigini, žurnalistleriň professional derejede, dünýä ölçeglerinde habar taýýarlamagyna ýol bermeýändigini, şu sebäpden ýaşaýjylaryň köplenç türk, rus, azeri we özbek mediasynyň önümlerine hyrydar bolýandygyny belleýärler.


 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса