Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Yrakdaky protestlerde öldürilenleriň sany 93-e ýetdi

0
Yrak parlamentiniň adam hukuklary komissiýasy 5-nji oktýabrda Bagdatda we ýurduň günorta şäherlerinde bäşinji gün dowam edýän köpçülikleýin protestlerde ölenleriň sanynyň 93 adama ýetendigini aýtdy.


Paýtagtda 5-nji oktýabrda hroniki işsizlige, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň ýaramazlygyna, giň ýaýran korrupsiýa garşy başlan protestlerde 4 müňe golaý adam ýaralandy diýip, hukuk komissiýasy aýtdy.


Häkimiýetler günorta welaýatlardaky protestleriň pidalarynyň möçberlerini tassyklamagy haýalladyp, hakykatda interneti petiklenen ýagdaýa saldylar.


Soňky ölüm maglumatlary tanymal yrak ruhanysy Moktada al-Sadr ýygjamlaşýan protestlere jogap edip, hökümeti işden çekilmäge, BMG-niň gözegçiligi astynda irki saýlaw geçirmäge çagyrandan bir gün soň berildi.


Premýer-ministr Adel Abdul-Mahdi 4-nji oktýabrda irden telewideniýede çykyş edip, protestçileriň “kanuny talaplaryna” jogap bermegi wada berdi, ýöne Yragyň problemalarynda “jadyly çözgüdiň” ýokdugyny aýtdy.


Şu aralykda Yragyň baş şaýy ruhanysy aýotolla Ali al-Sistani taraplary, giç bolmanka, zorluklary bes etmäge çagyrdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса