Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Eýran Hytaýyň Günorta Pars tebigy gaz taslamasyndan çekilendigini aýdýar

0
Eýranyň nebit ministri Bijan Zanganeh Hytaýyň milli nebit kompaniýasynyň Eýranyň Pars aýlagyndaky ägirt uly günorta Pars tebigy gaz ýatagyny özleşdirmäge kömekleşmek boýunça 5 mlrd dollarlyk ylalaşykdan çekilendigini aýdýar


Zanganehiň ministrligiň SHANA websaýtynda yglan eden habary Birleşen Ştatlaryň hem Eýrana, hem Hytaýa edýän ykdysady basyşlarynyň arasyna gabat geldi.


Şeýle-de bu habar sebitde Eýran bilen Britaniýanyň, Birleşen Ştatlaryň harby-deňzi güýçleriniň arasynda dörän tapgyrlaýyn gapma-garşylyklaryň yzyndan eşidildi.


Hytaýyň milli nebit kompaniýasy (CNPC), Fransiýanyň Total kompaniýasy 2018-nji ýylyň awgustynda bu taslamadan çekileli bäri, Günorta Parsyň, dünýädäki iň uly gaz ýatagynyň giňeldimegi boýunça düzülen planlarda esasy maýadar boldy,.


2017-nji ýylda Eýran bilen gol çeken şertnamsayna laýyklykda, Total bu gaz ýatagyna 1 mlrd dollar maýa ýatyrmakçydy, emma Waşingtonyň basyşlary, ABŞ-nyň Tährana garşy sanksiýalarynyň gaýtadan girizilmegi bilen baglylykda, geçen ýyl bu taslamadan çykdy. 


Eýran bu gaz ýatagyny Katar bilen bölüşýär.


Zanganeh 6-njy oktýabrda hytaý kompaniýasynyň ornuna Eýranyň “Petropars” firmasynyň geçip, işi dowam etdirjekdigini aýtdy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса