Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Kiýewde we beýleki şäherlerde "Tabynlygy togtat" şygary astynda protest çäresi geçirildi

0
Kiýewiň merkezindäki Maýdanda, Garaşsyzlyk meýdançasynda gündogar Ukrainadaky parahatçylykly ylalaşyk prosesinde Orsýete eglişik etmeklige garşy miting geçirildi.


Guramaçylary tarapyndan "halk weçesi (geňeşi) diýlip atlandyrylan çärä birnäçe müň adam gatnaşdy. Olar diňe ukrain simwollary we "Tabynlygy togtat" diýen şygar astynda çykdylar, partiýa simwollary bilen gelmediler.


Emma muňa garamazdan, olaryň talaby birnäçe oppozision partiýa, şol sanda Petro Poroşenkonyň "Ýewropa raýdaşlygy" tarapyndan hem goldanylýar. Poroşenkonyň özi hem mitinge ýönekeý gatnaşyjy hökmünde geldi.


Proteste gatnaşyjylar maýdandan prezidentiň edarasyna tarap ýöriş etdiler. Şuňa meňzeş aksiýalar ýekşenbede Ukrainanyň beýleki şäherlerinde hem geçirildi.


Köçe işjeňligine şu hepde Minskdäki gepleşiklerde ylalşylan we häzir Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň kontrollygynda bolan Donbasyň etraplaryna berilýän aýratyn durumyň jikme-jikliklerini aýdyňlaşdyrýan "Ştaýnmaýer formulasy" sebäp boldy.


Çärä gatnaşyjylar prezident Wladimir Zelenskiniň hereketini hem ýazgarýarlar. Olar gepleşiklerde gazanylan ylalaşygyň Ukrainanyň Orsýet bilen gapma-garşylykda "tabyn bolmagyna" getirjekdigini aýdýarlar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса