Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Kosowanyň parlament saýlawlarynda iki oppozision partiýa ýeňiş gazandy

0
6-njy oktýabrda möhletinden öň geçirilen parlament saýlawlarynda Kosowanyň iki esasy oppozision partiýasy – Wetewendosje we Kosowanyň Demokratik ligasy – soňky 12 ýylyň dowamynda häkimiýetde saklanýan partiýany ozup geçene meňzeýär. 


7-nji oktýabrda daňdan sagat 3:56 töwereginde sesleriň 96%-ne golaýy sanalanda, Merkezi Saýlaw Komissiýanyň websaýtynda çepçi-milletçi Wetewendosje partiýasynyň sesleriň 26%-ne golaýyny alandygy, merkezi-sagçy Kosowanyň Demokratik ligasy partiýasynyň sesleriň 25%-ni alandygy görünýär.


Wetewendosje partiýasynyň lideri Albin Kurti ýeňiş yglan edip, Kosowa üçin “täze babyň” açylandygyny aýdan mahaly, Pristinada partiýanyň agzalary wakany şatlyk bilen bellediler.


Häkimiýetdäki öňki partiýa – Kosowanyň Demokratik partiýasy – soňky onýyllygyň dowamynda syýasatda agalyk etdi. Bu partiýa soňky saýlawlarda sesleriň 22%-den hem azyna eýe bolup, üçünji orunda ýerleşdirildi.


“Kosowanyň Demokratik ligasy partiýasy bilen bilelikde ýurduň parlamentinde azyndan 60 ornumyzyň boljakdygy örän begendiriji” diýip, Kurti ýerli media serişdesine aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса