Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Kürtler Türkiýe serhetlerinde “umumy mobilizasiýa” çagyrýarlar

0
Kürt liderleri, Ankaranyň Siriýanyň demirgazyk sebitlerine hüjüme geçýändigini yglan edeninden soňra,  Türkiýe serhetlerinde “umumy mobilizasiýa” çagyryş etdiler. Mundan öň, ABŞ bu sebitden öz harbylaryny çekipdi.


Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky kürtleriň ýolbaşçylygyndaky raýat administrasiýasy gazaplylygyň ýüze çykan halatynda Siriýanyň demirgazygynda “gumanitar heläkçiligiň” dörejekdigini duýdurdy.


Bu aralykda, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň sebitdäki hereketleriniň “tutuş regiony tutaşdyryp biljekdigini” aýtdy.


“Biz halkymyza, ähli etniki toparlara ýüzlenip, bu taryhy ynjyk pursatda garşy duruş hereketlerini geçirmek üçin Türkiýäniň serhetlerine aralaşmaga çagyrýarys” diýip, Demirgazyk we Gündogar Siriýanyň Awtonom Administrasiýasy diýlip bilinýän ýerli häkimiýet çagyryş etdi.


8-nji oktýabr güni giçlik gowşan maglumatlarda Türkiýäniň Siriýa bilen serhetlerinde harby pozisiýalaryny güýçlendirip başlandygy bellenilýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса