Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Tramp Erdoganyň Siriýa hüjümini bes etmelidigini aýtdy

0
ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pense prezident Donald Trampyň türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Siriýadaky ok atyşyklaryny bada-bat togtatmagyna çagyryş edendigini aýtdy.


Türk güýçleriniň Siriýanyň demirgazyk-gündogar sebitlerine hüjüme geçmegi netijesinde parahat ilatyň arasyndan 160 müň töweregi adam öýlerini terk etmäge mejbur galdy.


Pense Trampyň Erdogan bilen telefonda berk gürleşendigini, şeýle-de özüniň krizise araçylyk etmek üçin golaýda sebite sapar etjekdigini aýtdy.


“Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkiýäniň Siriýa hüjümine mundan beýläk çydamlylyk görkezmez. Biz Türkiýä saklanmaga we gepleşiklere başlamaga çagyrýarys” diýip, Pense belledi.


Pensiň beýanatyndan öň, Tramp Türkiýäniň Siriýa hüjümi bilen baglylykda türk resmilerine sanksiýalary girizmek, Ankara bilen 100 milliard dollarlyk söwda ylalaşygyny togtatmak we türk demirine 50% tarifleri girizmek baradaky degişli buýrugyny çykarjakdygyny mälim edipdi.


“Türk ýolbaşçylary özleriniň howply we ýumrujy ýoluny dowam etdirseler, men türk ykdysadyýetini gysga wagtyň içinde weýran etmäge doly taýýar” diýip, Tramp 14-nji oktýabrda beýanat ýaýratdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса