Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Russiýa, Saud Arabystany milliardlarça dollarlyk şertnamalary baglaşdylar

0
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Saud Arabystanyň patyşasy we täç geýdirilen şazadasy bilen Riýadhda gepleşikleri geçirdi.


Putin bilen şa Salman iki ýurduň arasyndaky milliardlarça dollarlyk sermaýa şertnamalary baglaşdylar. Bu awia-älem, medeniýet, saglyk we ösen tehnologiýalar ýaly pudaklary öz içine alýar.


Putin Russiýanyň “Saud Arabystany bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini” aýtdy.


Täç geýdirilen şazada Mohammad bin Salman bilen gepleşikleriň dowamynda Putin Saud Arabystanyň Jemgyýetçilik Fondunyň Russiýadaky bilelikdäki sermaýa proýektlerine 10 milliard dollar möçberinde pul serişdelerini goýberendigini belledi.


83 ýaşly şa Riýadhyň Moskwa bilen “howpsuzlygy, durnuklylygy we parahatçylygy, terrorizme garşy göreşi we ykdysady ösüşi üpjün etjek ähli ugurlar boýunça işleşmäge meýillidigini” aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса