Täjik mugallymy gyz okuwçyny ‘öpendigi’ üçin türme tussaglygyna höküm edildi
Baş prokuraturanyň resmileriniň Azatlyk Radiosyna 14-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Mirzohon Aliýewiň hökümi 3-nji oktýabrda çykarylypdyr.
Resmiler wakanyň günortadaky Norak şäherinde ýüze çykandygyny, emma pidanyň şahsyýetini gizlin saklamak üçin sud diňlenişiginiň goňşy Ýowon etrabynda geçirilendigini aýtdylar.
Resmiler başga goşmaça maglumat bermediler.
Aliýewiň çagalary Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde kakalarynyň bigünädigini aýtdylar.
Olaryň sözlerine görä, aprel aýynda Mirzohon Aliýew küşt boýunça bäsleşige gatnaşyp, onuň dowamynda ýeňiş gazanan gyzy öpüpdir; mundan soň hem jenaýat işi gozgalypdyr.
