Türkmenistanda býujet işgärlerini köpçülikleýin pagta ugradylmagy dowam edýär
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň tutuş kollektiwi nobatlaýyn pagta ýygyma ugradylýar diýip, Türkmen.news neşri 16-njy oktýabrda habar berdi.
Maglumata görä, Balkan welaýatynda ýerleşýän bu iri kärhananyň işgärleriniň Serdar şäheriniň demirgazyk tarapyndaky ekin meýdanlaryna iberilýär, pagta smenasy 10 gün dowam edýär. Olar azyk we ýaşamak üçin ýer bilen öz-özlerini üpjün etmeli.
Işgärleriň köpüsi pagta ýygymdan pul berip sypmagy has gowy görýärler we kadrlar bölümine 300 manatdan töleýärler. Portda aýlyklar pes, köpler üçin bu pul aýlygyň ýarysyndan köp, emma pagta gitmek, şol ýerde iýmitlenmek we ýaşamak has gymmat düşýär, şonuň üçin portuň işgärleri pul berip, pagta mejburlygyndan halas bolmagy has gowy görýärler" diýip, Türkmen.news neşri habar berýär.
Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalaryň işgärleriniň pagta meýdanlaryna ugradylmagy bilen bir hatarda, ýurduň dürli regionlarynda býujet işgärlerinden pagta ýygym üçin dürli mukdarlarda pul toplanýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, hususan-da, Mary welaýatynda döwlet edara kärhanalarynda işgärlerden “pagta ýygym üçin” her 10-15 günden bir gezek pul ýygnalýar. Demirýol ulaglary edaralarynyň işgärlerinden bolsa, 40 manat möçberinde pul toplanypdyr.
Türkmenistanyň kesgitlän döwlet planyna görä, şu ýyl 1 million 50 müň tonna hasylyň ýygnalmagy göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanýandygy sebäpli halkara guramalarynyň we günbatar hökümetleriniň tankydyna eýe bolup gelýär.
ABŞ Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň we Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.