Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Türkmenistanyň prezidenti oktýabrda Ýaponiýa we Azerbaýjana sapar eder

0
Türkmenistanyň prezidenti 21-23-nji oktýabrda Ýaponiýada saparda bolar. Bu barada 18-nji oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda, daşary işler ministri, wise-premýer Reşit Meredowyň beren hasabatynda aýdyldy.


TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy, 2013-nji hem-de 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa sapar etdi, Ýaponiýanyň premýer-ministri 2015-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda boldy.


Şeýle-de neşir Ýaponiýany Türkmenistanyň esasy maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi, ýöne anyk detallary aýtmakdan saklandy.


Sapar netijesinde “resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar”.


Şeýle-de Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Azerbaýjana sapar edip, Baku şäherinde Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşar.

Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса