Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

ABŞ-nyň goranmak sekretary Siriýadky amerikan güýçleriniň Yraga geçiriljekdigini aýdýar

0
ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper Siriýadan çykarylan 1 müň çemesi esgeriň, “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy söweşe üns bermek üçin, günbatar Yraga geçirilmeginiň ahmaldygyny aýtdy.


Esper 19-njy oktýabrda, ABŞ-nyň Ýakyn gündogara barýan harby uçarynyň bortunda “ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar Siriýadan çykmagy çalasyn dowam etdirilýär... biz günler hakynda däl, hepdeler barada gürrüň edýäris” diýdi. Şeýle-de ol bu güýçler üçin häzirki planyň günbatar Yraga ýerleşmekden ybaratdygyny aýtdy. 


Ol bu goşunlaryň esasy iki wezipesiniň bardygyny, “birinjisiniň Yragyň goranyşyna kömek bermekden, ikinjisiniň geljekki çäreler seljeriýän wagtynda [YD-a] garşy missiýany berjaý etmekden ybaratdygyny” hem sözüne goşdy. 


Birleşen Ştatlaryň Yrakda häzir 5 müň çemesi esgeri bar.


Bu bellikler Türkiýäniň Siriýa bilen serhedinde baglaşylan gowuşgynsyz ýaraşygyň saklanýan wagtynda, türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan kürt güýçleriniň Ankaranyň harby çäre görýän ýerlerinden çekilmegine wagt bermek üçin söweşi togtamaga razy bolanyndan iki gün soňra edildi.


Türkiýe öz gury ýer we howa hüjümlerine geçen hepde, Ankaranyň terrorçy hasaplaýan kürt güýçlerini serhet ýakasyndan daşlaşdyrmak we ol ýerde siriýaly bosgunlar üçin howpsuzlyk zonasyny gurmak maksady bilen başlady.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса