Orsýetde öri meýdanlaryny ulanmak üstünde bolan atyşykda bäş adam öldi
Ministrligiň regional bölümi 22-nji oktýabrda Don boýundaky Rostowada, sebitiň Orlowskiý etrabynda bolan atyşyk netijesinde ýene iki adamyň hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy.
"Çaknyşyk wagtynda taraplaryň käbiri ok atýan ýaraglary, hususan-da aw ýaraglaryny ulandy. Netijede, ok ýaralaryndan bäş adam öldi, iki adam bolsa hassahana ýerleşdirildi” diýip, ministrligiň metbugat gullugy aýtdy.
Başlangyç maglumatlardan görnüşine görä, bu çaknyşyga birnäçe ýaşaýjynyň arasynda Çernozubkowka obasyndaky mal fermasy üstünde turan emläk dawasy sebäp bolup, birnäçe erkek bir-birini oka tutupdyr.
