Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Gyrgyzystanyň ozalky prezidentiniň tussaglyk möhleti ik aý uzaldyldy

0
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýewiň deslapky tussaghanada saklanmak möhleti, ol korrupsiýa sudy boýunça diňlenişige gatnaşmakdan ýüz öwrenden soň, ýene iki aý uzaldyldy.


Atambaýew bu sud diňlenişiginde esasy aýyplanýan bolup durýar. 


Prezident Soronbaý Žeenbekowyň ozalky ýarany, 63 ýaşyndaky Atambaýew awgust aýynda, ýaragly goldawçylary bilen ýörite güýçlere garşy durup, polisiýa ofiseriniň ölümine sebäp bolandan soň tussag edildi.


Atambaýewiň aklawçysy Sergeý Slesarew 25-nji oktýabrda ozalky lideriň, suduň kararyndan soň, dekabryň 26-syna çenli deslapky tussaghanada galjakdygyny we diňlenişige gatnaşmakdan ýüz öwürmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.


“Onuň planlary üýtgemedi. Ol sud bilen hyzmatdaşlyk etmek niýetinde däl” diýip, Slesarew AFP habar gullugyna aýtdy. 


Atambaýewiň sud diňlenişigi 15-nji oktýabrda, onuň özi gatnaşmazdan başlandy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса