Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2020

Türkmen prezidenti bilen BMG-niň baş sekretarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

0
22-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.


TDH-nyň habaryna görä, türkmen prezidenti iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy bilen “strategiki häsiýetli däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara gün tertbiniň has möhüm meselelerini” ara alyp maslahatlaşdylar.


Resmi maglumata görä, prezident Berdimuhamedow koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmekde “dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirjek ýeke-täk, hemmetaraplaýyn halkara düzümi hökmünde” BMG-niň ähmiýetini nygtapdyr.


Ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanyň döwlet baştutany guramanyň ýolbaşçysy bilen telefon söhbetdeşliginde dünýä ykdysadyýetini dikeltmek boýunça öz tejribelerini paýlaşmagy teklip etdi.


“Bu guramanyň howandarlygynda dünýä ykdysadyýetini dikeltmek bilen bagly wezipeleri çözmek üçin Türkmenistan öz tejribesini hem-de mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardyr” diýip, döwlet metbugaty türkmen lideriniň sözlerini sitirleýär.


Telefon söhbetdeşligi BMG-niň baş sekretarynyň başlangyjy boýunça geçirildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса