Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Wenanyň golaýynda öldürlen rus raýatynyň Kadyrowyň tankytçysydygy habar berilýär

0

4-nji iýulda Awstriýanyň paýtagty Wenanyň golaýynda atylyp öldürlen adamyň bu ýurtda gaçybatalga gözleýän öňki çeçen separatisti we çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň tankytçysydygy habar berilýär.

Çeşmeler pidanyň Wenadan Anzor ady bilen tanalýan Mamihan Umarowdygyny aýtdy.

Awstriýanyň resmileri bolsa, diňe pidanyň Orsýet Federasiýasyndan gaçybatalga gözleýän 43 ýaşly adamdygyny we Wena şäherindäki Gerasdorf söwda merkeziniň öňündäki awtoulag duralgasynda atylyp öldürilendigini aýtdylar.

Ilkinji maglumatlara görä, gaçybatalga gözleýän adamyň kellesine atylyp, ol tiz kömek ulagy gelmänkä ýogalypdyr. Awstriýanyň häkimiýetleri rus raýatyny atmakda güman edilýän adamyň birnäçe sagatdan soň, polisiýanyň geçiren gözleg işleriniň netijesinde paýtagtdan 200 kilometr günbatarda Linzde şäherinde tussag edilendigini mälim etdiler.

Polisiýa bu wakany derňeýär we sebäbini anyklamaga synanyşýar.

Orsýetiň Wenadaky ilçihanasynyň metbugat sekretary bu wakalar bilen baglanyşykly özlerine ýüz tutulmandygyny TASS döwlet habar gullugyna aýdypdyr.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Российский бизнесмен обвинил Алькараса в договорных матчах. Он направил письмо в ATP






Загадочные места России, где происходят необъяснимые вещи

В Кунцево доставщик сбил 8-летнюю девочку и скрылся с места ДТП

ТАСС: президент Кубы планирует посетить Россию и принять участие в Параде Победы

На площадках "Московских сезонов" открылись скейт-парки