Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Новости за 05.07.2020

Türkmen hökümeti ykdysady ösüş sanlaryny berip, ykdysadyýet ministrini işden boşatdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň wise-premýeri G.Muşşikowyň hasabatynda görä, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurduň umumy içerki önümçiligi 5,9% göterilipdir we geçen ýylkysyndan önüm 4,4% köpelipdir. Maýda söwdanyň dolanyşygynyň möçberi tas 14% artypdyr. 3-nji iýulda hökümet maslahatynda öňe sürlen ösüş sanlaryna görä, urduň uly we orta kärhanalarynda ortaça aýlyklar geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 10,5% ýokarlanypdyr.   Maslahatda yglan edilen ykdysady ösüş sanlaryna garamazdan, prezident Gurbanguly... Читать дальше...

Halk maslahaty 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçer

Azathabar.com 

Türkmenistan Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisini 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler. Türkmen döwlet mediasyna görä, prezidentiň 3-nji iýulda çykan karary bilen Ruhyýet köşgünde Halk maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin guramaçy komitetini döretmek we Aşgabatdan hem welaýatlardan gatnaşjak jemgyýetçilik wekilleriniň saýlawlaryny guramaçylykly ýerine ýetirmek tabşyrylypdyr. Prezidentiň kararyny ýerine ýetirmek işine gözegçilik etmek Mejlisiň başlygyna, hökümet baştutanynyň orunbasarlaryna... Читать дальше...

Özbek, täjik migrant işçileri Günorta Gazagystanda galýarlar

Azathabar.com 

Täjigistanyň we Özbegistanyň 2000-e golaý raýaty Gazagystanyň günortasyndaky Türküstan regionynda galýarlar. Olar koronawirus pandemiýasyna garşy göreş boýunça girizilen çäklendirmeler sebäpli öýlerine gaýdyp bilmeýärler. “Žibek žoly” (Ýüpek ýoly) barlag nokadynda galanlaryň köpüsi çäklendiriji çäreleri zerarly Gazagystanda işini ýitiren işçi migrantlardyr. Olaryň käbiri Özbegistanyň bir hepdeden gowrak wagt bäri serhet geçelgesini açmagyna garaşýandyklaryny Azatlyk Radiosyna aýtdylar we açyk meýdanda galmalydyklaryny... Читать дальше...

Wenanyň golaýynda öldürlen rus raýatynyň Kadyrowyň tankytçysydygy habar berilýär

Azathabar.com 

4-nji iýulda Awstriýanyň paýtagty Wenanyň golaýynda atylyp öldürlen adamyň bu ýurtda gaçybatalga gözleýän öňki çeçen separatisti we çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň tankytçysydygy habar berilýär. Çeşmeler pidanyň Wenadan Anzor ady bilen tanalýan Mamihan Umarowdygyny aýtdy. Awstriýanyň resmileri bolsa, diňe pidanyň Orsýet Federasiýasyndan gaçybatalga gözleýän 43 ýaşly adamdygyny we Wena şäherindäki Gerasdorf söwda merkeziniň öňündäki awtoulag duralgasynda atylyp öldürilendigini aýtdylar. Ilkinji maglumatlara görä... Читать дальше...

Tanymal rus žurnalistleri 'Terrorçylygy aklamakda' günäkärlenýän kärdeşine goldaw bildirýärler

Azathabar.com 

30-dan gowrak garaşsyz rus žurnalisti "terrorçylygy aklamak" aýyplamasy bilen ýedi ýyl azatlykdan mahrum ediljek bolýan Pskow şäherinden žurnalist Swetlana Prokofýewany goldaýar. Olaryň bilelikdäki beýannamasy 4-nji iýulda "Holod" onlaýn journalynda ýerleşdirildi. "Žurnalistlere öz wezipesini ýerine ýetirendigi üçin jeza bermek kabul ederliksiz" diýip, "The Bell" onlaýn neşiriniň baş redaktory Irina Malkowa ýazdy. "Olaryň ýanyna neşe taşlamak, ellerini döwmek ýa-da aýdan sözleri we pikirleri üçin türmä salmak kabul ederliksiz". Читать дальше...

BSG: COVID-19 keseli boýunça sanlar ýene ýokarlandy

Azathabar.com 

Bütindünýä saglyk guramasy 4-nji iýulda koronawirus keseliniň gündelik sanynyň ýene-de rekord derejede ýokarlanandygyny aýdyp, soňky 24 sagadyň dowamynda dünýäde kesellänleriň sanynyň jemi 212 326 adam köpelendigini habar berdi. Tassyklanan ýagdaýlaryň köpüsi ABŞ-da, Braziliýada we Hindistanda bolupdyr. BSG-niň bir günde koronawirus bilen iň köp hasaba alnan adamlaryň iň ýokary sany 28-nji iýunda bolup, şonda 189 077 derejesine ýetipdi. Dünýäde günde koronawirusdan ýogalýanlaryň sany 5000 adam töweregi. Читать дальше...

Eýran türkmenleriniň konsullyk aladalary

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň konsullyk aladalary barada dünýä türkmenlerine giňişleýin gürrüň berdi.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Елена Рыбакина рассказала о проблемах на турнире в Мадриде






Вот до чего доводит пьянство: пешеход в реанимации и несколько поломанных судеб

Литературно-поэтический час «Ушла на фронт ещё девчонкой...»

В Подольске задержали молодого человека с полкило марихуаны

На дорогах Подмосковья зафиксировано более 898 тыс автомобилей в субботу утром