Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2020

ABŞ sudy prokurorlara Trampyň maliýe ýagdaýyny barlamaga rugsat berýär

0
ABŞ sudy prokurorlara Trampyň maliýe ýagdaýyny barlamaga rugsat berýär

ABŞ-nyň Ýokary sudy prezident Donald Trampyň salgyt jarnamalaryny Nýu-Ýorkdaky prokurorlara tabşyrmak kararyna geldi. Ak tamyň başlygynyň girdejileri baradaky maglumatlar Kongrese iberilmez.

50 ýyl ozal gazanan girdejileri barada ilata maglumat bermedik Riçard Nikson döwründen bäri, Tramp öz girdejileri barada maglumat bermeýän ilkinji prezident bolup durýar. Niksonyň dokumentleri salgyt gullugynyň anonim işgäri tarapyndan žurnalistlere berildi we şondan soň onuň ABŞ-nyň býujetine takmynan 400 müň dollar tölemändigi aýan boldy.

Trampyň aklawçylary ozal iş başyndaky prezidentiň derňelmegine we jogapkärçilige çekilmegine rugsat berilmeýändigini aýtdylar.

Manhattan okrugynyň prokurory Kir Wense Trampyň dokumentlerini almak hukugy berildi. Nýu-Ýorkdaky hasap firmasy Mazars LLP, Doýçe Bank we Amerikanyň “Capital One” banky salgyt jarnamalary we soňky dokuz ýylda beýleki maliýe amallary baradaky dokumentleri bermeli edildi. Olar eýýäm Ýokary suduň kararyny ýerine ýetirjekdiklerini mälim etdiler.

Wens Tramp bilen jynsy gatnaşykda bolan we, olaryň sözlerine görä, dymmak üçin ondan pul alan iki aýala edilen bolmagy mümkin gizlin tölegleri derňeýär. Prokuror prezidentiň maliýe dokumentleriniň derňew işine kömek etjekdigine bil baglaýar.

Tramp suduň kararyny "syýasy yzarlama" diýip atlandyrdy. Prezident twitterde özüniň "syýasy taýdan korrumpirlenen Nýu-Ýork bilen söweşmeli boljakdygyny"  ýazdy.

2015-nji ýylyň iýun aýynda, prezidentlige kandidat bolmazyndan ozal, Tramp baýlygynyň takmynan 8 milliard 800 million dollardygyny mälim etdi. Emma "Forbes" žurnaly Trampyň baýlygynyň munuň ýarysyna golaýdygyny aýtdy.

“Forbes” 2020-nji ýylyň aprelinde prezidentiň baýlygyny iki milliard bir million dollar diýip çaklady, bu 2019-njy ýylyň oktýabr aýyndaky bilen deňeşdirilende bir milliard az bolýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Соболенко и Швентек сыграют в финале турнира WTA в Мадриде






Источники: концессионера газификации Читы Неверова задержали, сняв с рейса в Дубай

Тульский "Арсенал" в Москве сыграется с "Родиной" 4 мая

Сойдет ли на Латвию Благодатный огонь?

Сотрудники МЧС ликвидировали пожар на складе и в автосервисе в Москве