Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Berdimuhamedow Nazarbaýew bilen wiruslaryň howa arkaly geçişini maslahatlaşdy

0
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy iýulda Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen telefonda gürleşdi.


TDH döwlet baştutanynyň söhbetdeşini golaýda bellenen 80 ýaşy bilen gutlandygyny, onuň koronawirus näsaglygyndan gutulmagyna örän şat bolandygyny habar berýär.


Söhbetdeşler koronawirus pandemiýasyny ýeňip geçmek tagallalary barada hem pikir alyşdylar.


Habardan aňlanyşyna görä, Berdimuhamedow  Türkmenistanda resmi taýdan ýokdugy aýdylýan koronawirusyň döremeginiň sebäplerini sebitdäki ekologiýa ýagdaýlary bilen baglanyşdyrýar.


Onuň pikiriçe, “adam üçin howply bolan maddalar, şol sanda wiruslar howa akymlary arkaly, aýratyn hem çylşyrymly ekologiýa ýagdaýynda geçip biler. Merkezi Aziýa ekologiýa nukdaýnazaryndan dünýäniň has duýgur sebitleriniň biri bolup durýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri Aral deňziniň meselesi bilen baglanyşyklydyr”.


“Aral zolagynda döreýän hem-de giň geografik giňişlige ýaýraýan howa akymlary tebigata we howa ýaramaz täsir edýär hem-de diňe bir şu sebitde däl, eýsem, onuň çäginden daşarda ýaşaýan adamlaryň saglygy üçin hem aýratyn howpludyr” diýip, türkmen lideri “bu ekologik betbagtçylygyň zyýanyny aradan aýyrmak üçin ylalaşykly herekete” çagyrdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса