Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Gazagystan koronawirus pandemiýasynyň pidalarynyň hatyrasyna matam tutýar

0
Gazagystan 13-nji iýulda koronawirus pandemiýasynyň pidalarynyň hatyrasyna matam tutýar. Ýurtda bu gün tomaşalar ýatyryldy.


Ýurduň hemme ýerinde, şeýle hem daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň jaýlarynda döwlet baýdaklary düşürildi.


13-nji iýulda paýtagt Nur-Sultanda öýlän sagat 12-de bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi, ýurduň esasy metjitlerinde jynaza okalar we kiliselerde dini ybadatlar we hatyra çäreleri geçirilýär.


Resmi maglumatlara görä, ýurtda COVID-19 bilen kesellänleriň hasaba alnan sany 59 899 adam.


Soňky bir günüň dowamynda ýurtda 1664 adamda wirus tassyklandy.


Saglygy saklaýyş ministrligi 7-nji we 12-nji iýul aralygynda koronawirusdan 111 adamyň ölendigini duşenbe güi habar berdi. Resmi hasaba görä, şu wagta çenli ýurtda jemi 375 adam ýogalypdyr.


Ölüm statistikasynda COVID-19 näsaglarynyň ählisini öz içine almaýar, ýörite komissiýalar birnäçe adamyň ölümine başga keseliň sebäp bolandygyny görkezip, koronawirusy "goşmaça diagnoz" diýip kesgitläpdi.


Şeýle-de, Gazagystan pnewmoniýa keseliniň möwç almagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Hassalaryň köpüsinde COVID-19 alamatlary ýüze çykýar, ýöne koronawirusy anyklamak boýunça testler negatiw netijäni görkezýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса