Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Azerbaýjan – Ermenistan serhedinde çaknyşyk gaýtadan dowam edýär

0
Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky serhetde gysga wagtlyk ýatyşan çaknyşyklaryň 16-njy iýulda irden ýene dowam edendigi habar berildi. Iki tarap birek-biregi öz serhedine hüjüm etmekde we obalary oka tutmakda aýyplady.


Ermeni goşuny özüniň demirgazyk-gündogar Tawuş etrabynda ýerleşýän serhet postlarynyň birine Azerbaýjanyň daň atmazynyň öňüsyrasynda eden hüjümini puja çykarandygyny öňe sürdi.


“Gazaply ýaragly söweşden soň duşman yza gaýtaryldy, olar ýitgi çekdi” diýip, Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Şuşan Stepanian aýtdy. Ol şondan soň Azerbaýjan güýçleriniň serhediň çäginde ýerleşýän iki ermeni obasyna minatar we gaubisa bilen hüjüm edip başlandygyny aýtdy.


“Häzirki wagtda ok atyşyk dowam edýär” diýip, Stepanian irden Facebook-da ýazdy. “Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň birikmeleri Azerbaýjanyň prowokasiýalaryny zyýansyzlandyrýar” diýip, ol aýtdy.


Bu aralykda, Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni güýçlerini Tawuş bilen serhetleşýän Towuz etrabynyň azeri obalaryna hem-de özüniň öň hatarlardaky goşunlaryna hüjüm etmekde aýyplady.


Ministrlik munuň jikme-jikligini aýtmady. Ermenistan bilen Azerbaýjan güýçleriniň arasynda  15 esgeriň ölümine hem-de halkara jemgyýetçiliginiň aladalaryna sebäp bolan üç günlük ganly çaknyşyklaryň yzýany berlen bir günlük arakesmeden soň sebitde täzeden söweş ýüze çykdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса