Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Türkmen aktiwistleri tutha-tutluga garamazdan, Stambuldaky ýörişiň başa barandygyny aýdýarlar

0
Türkmen aktiwistleriniň 19-njy iýulda Stambulda öýlän Türkmenistanyň konsullygynyň öňünde iki sagatlyk parahatçylykly demonstrasiýasy planlaşdyrylyşy ýaly geçirilmese-de, guramaçylar onuň başa barandygyny aýdýarlar.


Çärä müňden gowrak adam ýygnanypdyr. Polisiýa gysga wagtda 80 töweregi adamy saklapdyr, soňra bir aktiwistden başgasyny boşadypdyr.


Bu barada Azatlyk Radiosyna protest ýörişini guraýjylaryň biri DWT hereketiniň lideri Myrat Gurbanow 20-nji iýulda habar berdi. Onuň sözlerine görä, köpçülikleýin protest mitingi hökmünde planlaşdyrylan aksiýa, polisiýanyň gatyşmagyndan soň dowam etdirilipdir. Gatnaşyjylar kiçi toparlara bölünip, protest bildirmegini dowam etdiripdir.


"Türkmenistanlylaryň bu çykyşy Türkmenistanyň taryhyndaky iň köpsanly çäresi boldy. Daşary ýurtda näçe adamyň ýygnanandygyny hemmeler gördi. Gadaganlyklara garamazdan, adamlar gelip, ýurdundaky bolup geçýän wakalara aladalaryny mälim etmegi başardylar" diýip, Myrat Gurbanow aýtdy.


Guramaçylaryň sözlerine görä, çäräniň esasy maksady öz halkyny COVID-19-dan goramak üçin zerur çäreleri görmeýän türkmen häkimiýetlerine nägilelik bildirmekden ybarat.


Soňky iki aýda Türkmenistanyň daşyndaky türkmen raýatlary türkmen hökümetiniň syýasatyna yzygiderli protest geçirýärler. Aktiwistleriň çykyşlary Türkmenistandaky ýagdaýa halkara derejesinde ünsi çekýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса