Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2020

Türkmenistanda keselçilik, ölüm, keselhana barýanlar rentgen edilýär, bokurdakdan test nusgasy alynýar

0
Türkmenistanda keselçilik, ölüm, keselhana barýanlar rentgen edilýär, bokurdakdan test nusgasy alynýar

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda COVID-19 alamatlary bilen kesellänleriň sany we ölüm derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly ýagdaýyň çalt ýaramazlaşýandygyny habar berdiler. Resmi maglumatlara laýyklykda "koronawirusdan azat" Türkmenistan keseliň ýaýramagynyň öňüni alýar, emma ýurduň häkimiýetleri bolup geçýän ýagdaýlaryň sebäbini düşündirmeýär.

Ýutda adamlaryň köpçülikleýin näsaglamagyna we ölmegine sebäp bolýan keseliň pidalary barada Azatlyk Radiosyna 28-nji iýulda şeýle maglumatlar mälim boldy:

- Geçen hepde ölen hirurgyň kiçi ogly aradan çykdy.

- Kardiolog lukman gata agyr halda emeli dem alyş enjamyna bagly ýagdaýda ýatyr.

- Köşiden uzakda bolmadyk, Ekobazanyň (bu maldarçylyk institutynyň tejribe bazasynyň ýerleşýän ýeriniň ady) golaýyndaky keselhanada bir maşgalada ene we onuň ýaş ogly ýogaldy, bir gyzy we gelni agyr ýagdaýda keselhanada.

- Çüýşe gaplary öndürýän "Keyik" atly hususy zawodynyň baş müdiri aradan çykdy. Ol 70 ýaş töweregindedi. Onuň süýji keseli bardy, birnäçe gün ozal koronawirusyň alamatlary ýüze çykypdy.

- Näsaglaryň Semaşko keselhanasyndan ikitaraplaýyn pnewmoniýa bilen öýlerine goýberilip, näsaglaryň birnäçe günüň içinde ölýän ýagdaýlary boldy. 1984-nji ýylda doglan bir ýigit.

- Ýedinji gün adwentist dini toparyň ruhanysy komada ýatyr. Aşgabatda.

- Protestant Greta Grace Amerikan buthanasynyň ruhanysy gyzzyrma bilen vatyr we dem almakda kynçylyk çekýär. Bir hepde öň ol syrkawlapdy, lukmanlaryň öýe barmagyna rugsat berilmeýänligi sebäpli, ol ýokary temperaturaly poliklinika gatnamaly boldy. MRT barlagy geçirilensoň demir ýol keselhanasyna ýerleşdirildi we ol ýerden üç otagdaşy bilen bilelikde öňki "Polimeksiň" binasyna geçririldi.

Azatlyk Radiosy öz habarçylarynyň we çeşmeleriniň gizlinligini saklamak we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanda koronawirus bilen näsaglan we ýogalan adamlaryň atlaryny hem jikme-jik ýagdaýlary agzamakdan saklanýar.

Aşgabatda öň “Polimeks” türk kompaniýasyna degişli bolan binada karantin zolagy ýerleşýär. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, COVID-19 üçin synagynda keseliň bardygy görkezilen hassalar bu ýere iberilýär.

"Niýazow hassahanasy 1-nji awgustdan bütinleý ýokanç keseller üçin bolar. Kabul edilende hassalar EKG, rentgen, bokurdakdaky suwuk almak ýaly synagyndan geçýär. Keseli tasyklanan hassalar "Polimeksiň" binasyna iberilýär, tassyklanmadyklar galýar" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 28-nji iýulda aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň pikiriçe, bu karantin zonasynda ýörite şertler ýok, ýöne ol ýere gelenler bu şertleri ýurduň beýleki karantin zolaklary bilen deňeşdirilende has amatly hasaplaýarlar.

"Ol ýerde müňe golaý ýer bar. Işçiler şol ýerde nähili ýagdaýda işlän bolsalar, şol şertler saklanıp galypdyr. Hiç zat ýörite enjamlaşdyrylmady. Kondisioner bar. Dermanlary garyndaşlary getirmeli. Derman getirýän garyndaşlar ýok bolsa, hassany bejerip bilmeýärler. Yzyndan iýmit getirjek adam bulmasa hassany şol ýerde iýmitlendirýärler. Emma gap-gaçlar bilen baglanyşykly kynçylyklar bar. Iýmit üçin hassanyň özi gitmeli, iýmit ýatýan ýerlere eltilmeýär. Aslynda bu bejergi däl-de, izolýasiýa "- diýip, habarçymyz şol ýerdäki hassalara salgylanyp, habar berdi.

Şu günler derman serişdeleriniň ýetmezçiligi diýseň çynlakaý mesele bolup galýar. Aşgabatdaky habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, hassahanalarda näsaglara asla derman bermeýändigi seýrek däl.

Emma welaýatlarda ýagdaý has agyr.

Lebapdaky habarçymyz Azatlygyň derman gytçylygy barada beren habaryndan soň Aşgabatdan derman iberilendigini, ýöne ýene wirusa garşy dermanlar däl-de, diňe antibiotikleriň ugradylandygyny 28-nji iýulda habar berdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan lukmanlaryň bellemegine görä, koronawirusly näsaglara köplenç antibiotikli sanjym edilýär.

Lebap welaýatynda bu kesel ilatyň arasynda, şol sanda lukmanlaryň we polisiýa işgärleriniň arasynda köpelýär.

"Koronawirus alamatlary bolan polisiýa işgärleri köp. Soňky iki günde 14 polisiýa işgäri köpugurly keselhana kabul edildi, olaryň hemmesiiň koronawirus testleri oňyn netije berdi. Näsaglar köp. Her sagatda takmynan 10 adam köpugurly keselhana getirilýär" diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli keselhanalardaky çeşmelere salgylanyp habar berýär.

Şeýle-de, welaýtdaky habarçylarymyz Farap etrabynyň prokurorynyň orunbasary Isaýew Çarygeldiniň keselhanadan çykarylandygyny habar berdiler. Geçen hepdede bu resminiň koronawirus testiniň oňyn netije berendigi, ýöne ikinji synagynyň negatiw netijäni görkezendigi habar berlipdi.

Azatlygyň habarçylary Lebabyň ýene bir şäheri Kerkidäki we golaýdaky obalardaky ýagdaý barada habar berýär.

"Indi köp adam koronawirus alamatlary bilen Kerki keselhanalaryna ýüz tutýar. Golaýdaky obalaryň ýaşaýjylary esasy lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmeýärler. Hatap, Başsaka we Guwak daýhan birleşikleri sebit merkezinden 75 km uzaklykda ýerleşýär, ýaşaýjylary Kerkiden tiz kömek çagyrmaly bolýarlar. Köplenç lukmanlar gelip bilmeýär, olar çykgynsyz ýagdaýa düşýärler. Hatap obasynyň 45 ýaşly ýaşaýjy ýokary temperatura sebäpli tiz kömek çagyrdy, oňa tiz kömek gullugynda ulaglarynyň hemmesiniň döwülendigini, diňe 3-niň sebitde işleýändigini aýdyp, onuň özüniň taksili gelmegini teklip etdiler " diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, soňky bir hepdäniň içinde Hatap we Guwak obalarynda näbelli keselden 16 adam ölüpdir. Olaryň diňe ikisi 60 ýaşdan uly adamlar.

Habarçymyz ýerli tiz kömek gullugynyň awtoulag sanawynyň 2008-nji ýylda getirilen 15 sany UAZ ulagyndan we öňki döwürlerden galan 5 ulagdan ybaratdygyny anyklady. Häzirki wagtda bary-ýogy 3 awtoulag işleýär, galan ulaglar işe ýaramaýar.

"Awtoulagy abatlamak we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak işleri sürüjileriň boýnuna atyldy. Emma olaryň ençemesi bu aşa çykdajylar sebäpli işini taşlamaga mejbur boldular"-diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri öz territoriýasynda COVID-19-yň hasaba alynmandygyny öňe sürýän hem bolsalar, indi ilaty Gurban baýramyny köpçülikleýin bellemezlige çagyrýarlar. Paýtagtda we welaýatlarda her gün öýlere aýlanýarlar.

"Daşoguzda mekdep ýolbaşçylary we administrasiýa wekilleri her gün ýaşaýjylaryň öýlerine barýarlar. Olar gapylary kakýarlar we ilaty Gurban baýramyny bellemezlige çagyrýarlar, belleseler-de, myhmanlary çagyrman, mümkin boldugyça öýden çykmazlyga ündeýärler" - diýip habarçymyz aýtdy.

Bu wagtda Aşgabatda lukmanlar öýme-öý aýlanýarlar we ilata öýde bolan wagtynda-da maska geýmegi wagyz edýärler.

Üç hepdäniň içinde Türkmenistanyň häkimiýetleri pandemiýa başlanaly bäri bütin dünýäde ulanylan BSG-niň tekliplerini durmuşa geçirmek üçin görlüp-eşidilmedik çäreleri gördi.

Türkmen häkimiýetleriniň çäklendiriji çäreleri paýtagtda gurluşygyň togtadylmagyna sebäp boldy. Aşgabatda, Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan gözegçilik edilýän uly desgalaryň gurluşygy hem doňduryldy.

Şu aýyň başynda, Türkmenistanyň esasy gurluşyk hyzmatdaşy fransuz kompaniýasy "Bouygues" öz işgärlerini ýurtdan äkitdi. Soňra Azatlygyň habarçylary türkmen resmileriniň "Bouygues" bilen gurluşygy dowam etdirmek, Garaşsyzlyk gününe çenli desgalaryň gurluşygyny tamamlamak maksady bilen gepleşik geçirýändigini habar berdiler.

27-nji iýulda Azatlykyň Türkmenistandaky çeşmeleri daşary ýurt gurluşyk işgärleriniň bir toparynyň gelendigini habar berdi.

"Fransuzlar we türkler 12 gün ozal geldi. Bular "Bouygues" işgärleri. Indi olar Özbegistan bilen serhetdäki gümrük postunyň golaýyndaky Farapda karantinde saklanýar" - diýip, Azatlygyň ygtybarly çeşmesi habar berdi we 40 golaý gurluşyk işgäriniň Aşgabatda "Arkadag" myhmanhanasynyň gurluşygyny tamamlamak üçin gelendigini habar berdi.

Ýurtda koronawirusyň bardygyny inkär edýän Türkmenistanyň häkimiýetleri berk çäklendiriji çäreleriň sebäbini resmi taýdan düşündirmeýärler.

Şol bir wagtyň özünde, ýaňy-ýakynda Saglygy saklaýyş ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň web sahypalarynda, şeýle hem ýarym resmi internet neşirlerinde "atmosferadaky tozan bölejikleriniň" howpy we jemgyýetiň saglygyny goramak üçin maska geýmegiň zerurlygy barada habarlar peýda boldy. Ýerli mobil aragatnaşyk operatorlary öz abonentlerine günde şuňa meňzeş mazmunly habarlary ugradýarlar.

Şuňa meňzeş mazmunly çap görnüşli informasiýa hassahanalarda we köpçülik ýerlerinde hem ýerleşdirilýär. Munuň bilen birlikde, ýurtdaky lukmançylyk edaralarynda öýken keseliniň alamatlary ýüze çykanda özüňi alyp barmagyň kadalary barada duýduryşlar hem bar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda iki aý bäri möwç alýan pnewmoniýanyň bardygyny hem agzamaýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de, türkmen häkimiýetleri daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň Türkmenistandaky ýagdaý barada berýän habarlaryna ýiti reaksiýa bildirýärler.

27-nji iýulda ýurduň Daşary işler ministrligi "MIR" teleradio kompaniýasynda Eýrandan Türkmenistanyň çäginden ýyly howa akymlarynyň geçmegi sebäpli Täjigistanda yssy howanyň dörändigi barada berlen habara garşylyk bildirip resmi beýanat ýaýratdy.

"Şu nukdaý nazardan, şu günler Eýrandan Türkmenistanyň üsti bilen yssy şemal akymlarynyň Täjigistanyň çägine baryp ýetendigi baradaky sözler hiç bir tankyda çydap bilmez" -diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýazdy.

Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus



Продвижение новых песен с высоким результатом

Культура России: как прошёл конкурс бурятского языка для детей в Бурятии?

Героическое участие армян в СВО. Часть третья

Россия и Дети: театр кукол Ульгэр в Бурятии покажет концерт-представление "Вальс Победы"


6 городов России, где можно увидеть белые ночи кроме Санкт-Петербурга

6 городов России, где можно увидеть белые ночи кроме Санкт-Петербурга

Героическое участие армян в СВО. Часть третья

Дети-пациенты посетили развлекательный центр


Tom Aspinall says UFC 304 start time is ‘awful’ and should be changed as Brit provides update on next opponent

13 Crops You'd Be INSANE Not To Plant in May

Tyson Fury vs Oleksandr Usyk undercard: Who is fighting on huge Saudi bill?

5 Things To Remember When A Friendship Ends


Столичные росгвардейцы оказали помощь подросткам, врезавшимся на самокате в уличный фонарь

Готовность обхода Октябрьского – 75%

В Россию привезли экземпляр пикапа от Илона Маска

Цветочный водоворот


Гайд по фарму золота в Solo Leveling: Arise

Star Wars: Hunters выпустят по всему миру в начале июня

Игра All of You от создателей Love You to Bits и Bring You Home больше не эксклюзив Apple Arcade

Музыкальную игру Blue Wednesday с глубоким сюжетом выпустили на iOS


Депутат Миколаївської облради Кормишкін вперше опублікував своє весільне фото


Магнитная буря 2 мая может спровоцировать северное сияние в Москве

Производственные площадки АО «Желдорреммаш» в апреле посетило более 4700 школьников и студентов

СЛД «Смоленск» филиала «Московский» ООО «ЛокоТех-Сервис» в рамках акции «Неделя без турникетов» посетило 150 учащихся

Обвалилась кровля На горящем заводе в Москве удалось локализовать огонь




6 городов России, где можно увидеть белые ночи кроме Санкт-Петербурга

О новых правилах регистрации авто и утилизационном сборе

На рынке "Москва - на волне" готовят особую программу для финала фестиваля "Пасхальный дар"

В Казахстане санитарный самолет Ан-2 аварийно приземлился на воду


В Можайском округе на организацию летнего отдыха и занятости детей потратят 13,8 млн рублей

Льготы льготами, но эти четыре налога в 2024 году пенсионеры обязаны заплатить обязательно

В парке «Патриот» открыли памятник, посвященный подвигам женщин на войне

В кино с Like FM – на мелодраму «Идеальная зависимость»


«У меня больше нет сил бороться». Елена Рыбакина раскритиковала WTA

Касаткина проиграла Путинцевой и не смогла выйти в 1/4 финала турнира WTA в Мадриде

Рублев о победе над Алькарасом на турнире в Мадриде: мне очень помогла подача

Российский бизнесмен обвинил Алькараса в договорных матчах. Он направил письмо в ATP


В кино с Like FM – на мелодраму «Идеальная зависимость»

В Орловской области перезахоронили 36 неизвестных воинов

Вторая широтная магистраль появится в Петербурге

Льготы льготами, но эти четыре налога в 2024 году пенсионеры обязаны заплатить обязательно


Музыкальные новости

Deep Purple — Portable Door

Концерт «Пасхальная радость» пройдет в Музеях Московского Кремля

«Мой рай»: Волочкова уединилась с тайным спутником на Мальдивах

Певица Жасмин подарила сыну на свадьбу роскошную квартиру в Москве



Продвижение новых песен с высоким результатом

Магнитная буря 2 мая может спровоцировать северное сияние в Москве

Производственные площадки АО «Желдорреммаш» в апреле посетило более 4700 школьников и студентов

СЛД «Смоленск» филиала «Московский» ООО «ЛокоТех-Сервис» в рамках акции «Неделя без турникетов» посетило 150 учащихся


Россия, Культура, Театр и Дети: Бурятская цирковая судьба Аригмы Цыремпиловой

Анонсирована Batman: Arkham Shadow для VR-гарнитуры Meta* Quest 3

"Динамо" и "Спартак" опубликовали составы на матч Кубка России

6 городов России, где можно увидеть белые ночи кроме Санкт-Петербурга


О новых правилах регистрации авто и утилизационном сборе

«Кубок футбольных мам» прошел на стадионе «Москвич» в Лобне

Влияние экспортных ограничений Кореи на авторынок России

Столичные росгвардейцы оказали помощь подросткам, врезавшимся на самокате в уличный фонарь


Кремль: Рахмон приглашен в Москву на празднование Дня Победы

«Известия» показали репетицию инаугурации Путина на Соборной площади

Что действительно говорил В. Путин о Нагорном Карабахе?

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о развитии социально-экономического потенциала территорий России





СМИ: Музыканта Носкова госпитализировали в Москве с подозрением на пневмонию

Магнитная буря 2 мая может спровоцировать северное сияние в Москве

«Горят» ладони: о чем сигнализирует симптом и что делать?

Дело экс-педиатра Буяновой о фейках про ВС России отправили в московский суд



Полина Гагарина: «Нет, я не ухожу на пенсию»

Полина Гагарина опровергла «уход на пенсию» и рассказала о новом рубеже

Росгвардейцы обеспечили безопасность во время футбольного матча в Москве

«Кубок футбольных мам» прошел на стадионе «Москвич» в Лобне


В Минске одобрен проект соглашения о системе таможенного транзита ЕАЭС



Собянин рассказал о программе развития туризма столицы до 2030 года

Собянин: В Москве выполнена модернизация уже 10 газопроводов-дюкеров

Собянин: Обрабатывающие предприятия Москвы увеличили производство почти на 18 процентов

Собянин: На Пасху городской транспорт будет работать дольше


Зеленое царство – обзор новостроек рядом с «Лосиным островом»

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о развитии «зеленой» экономики в РФ

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о развитии «зеленой» экономики в РФ

Чиновники в Эртиле, рекультивируя полигон ТКО за 484,72 млн рублей, создали новую свалку в 2 га


В Рузском округе изменена схема движения транспорта

В парке «Патриот» открыли памятник, посвященный подвигам женщин на войне

В кино с Like FM – на мелодраму «Идеальная зависимость»

В Орловской области перезахоронили 36 неизвестных воинов


Архангельские тяжелоатлеты успешно выступили на зональных соревнованиях

Следственный комитет предупреждает: не оставляйте детей без присмотра в комнате с открытым окном

В Архангельске работать в летнюю навигацию будут девять теплоходов

Май спрогнозировали россиянам синоптики


В Симферополе проведен рейд по бывшим мигрантам

Россия, Культура, Дети: Звезда госцирка Бурятии, артистка Аригма Цыремпилова

Еженедельный вестник катастроф

Бурятия, Россия, Дети, Концерт: Театр кукол Ульгэр в Улан-Удэ представит "Вальс Победы" к празднику


В кино с Like FM – на мелодраму «Идеальная зависимость»

Льготы льготами, но эти четыре налога в 2024 году пенсионеры обязаны заплатить обязательно

В парке «Патриот» открыли памятник, посвященный подвигам женщин на войне

Освящение куличей и яиц пройдет в главном соборе Люберец 4 мая












Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова и Павлюченкова вышли в полуфинал турнира WTA в Мадриде в парном разряде






Вторая широтная магистраль появится в Петербурге

В Орловской области перезахоронили 36 неизвестных воинов

Минэкологии оштрафовало предприятие в Рузе за незаконное размещение отходов

В Москве отец жестоко избил сына ложкой для обуви и пытался выдавить ему глаз