Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2021

Belarus protestçileri öz ýaşaýan ýerlerinde ýörişe çykyp, Lukaşenkanyň işden aýrylmagyny talap etdiler

0
Belarus protestçileri 17-nji ýanwarda ýurduň dürli şäherleriniň we şäherçeleriniň seýilgählerinde hem ýaşaýyş ýerlerinde ýöriş gecirdiler we awtoritar ýolbaşçy Alýaksandr Lukaşenkanyň işden aýrylmagyny talap etdiler.


Şeýle hem, demonstrantlar soňky bäş aýyň dowamynda demonstrantlara garşy zorlukly basyşlar üçin jogapkärleriň jogapkärçilige çekilmegini talap edýärler.


Saýlaw işgärleri ýurduň 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlarynda Lukaşenkanyň ýeňiş gazanandygyny yglan edenlerinden soň, Belarusda gündelik esasda demonstrasiýalar geçirildi.


Belarusda we daşary ýurtlarda köpler saýlaw netijeleriniň Lukaşenkanyň peýdasyna galplaşdyrylandygyny hasap edýärler. 


ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Lukaşenkanyň gaýtadan saýlanmagyny kanuny diýip ykrar etmekden ýüz öwürdiler.


Garaşsyz BelaPAN habar gullugy demonstrantlaryň 17-nji ýanwarda Minsk, Brest, Hrodna we Gomel ýaly şäherlerde azyndan 30 ýöriş gurandygyny habar berdi.


Demonstrantlaryň köpüsi oppozisiýanyň gyzyl-ak baýdagyny göterdiler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса