Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2021

Türkmenistan bedenterbiýe we sport boýunça bäş ýyllyk programmasyny kabul etdi

0
Türkmenistanyň prezidenti 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda bedenterbiýe we sporty goldamak hem ösdürmek programmasyna we ony durmuşa geçirmek üçin plany tassyklaýan karara gol çekdi. 


Döwlet metbugaty bu kararyň, ýurtda sporty goldamak, şeýle-de "güýç we bagtyýarlyk döwründe" ilatyň saglygyny berkitmek, erbet endiklere garşy göreşmek hem-de ýaş nesli sporta söýgi ruhunda terbiýelemek üçin kabul edilipdir.


Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň inisiatory bolup prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edýär. Şeýle-de sagdyn durmuşyň wagyzçysy Berdimuhamedow wagtal-wagtal dürli sport görnüşlerindäki maşklary bilen köpçüligiň öňüne çykýar. Ýylyň dowamynda yzly-yzyna geçirilýän köpçülikleýin çärelere okuwçylar we býujet işgärleri gatnaşmaga mejbur edilýär. Döwlet edaralary sport enjamlaryny we geýimlerini satyn almak üçin ilatdan pul toplaýar.   


Koronawirus pandemiýasy döwründe geçen ýylda prezidentiň gatnaşmagynda müňlerçe adamlyk sport çäreleri, welosipedli ýörişi geçirildi. Türkmen ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdýarlar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса