Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2021

“Türkmenhowaýollary” ilkinji Airbus uçarlaryny satyn alýar

0
“Türkmenhowaýollary” agentligi Airbus “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli iki sany ulanylan ýük howa gämisini satyn alýar. Breakingtravelnews internet neşiriniň maglumatyna görä, bu Türkmenistanyň  Airbus uçarlaryny ilkinji gezek satyn almagy bolar. Häzire çenli Türkmenistan diňe ABŞ-nyň “Boeing” korporasiýasynyň uçarlaryny ulanýardy.


Ýatlatsak, 7-nji ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Airbus S.A.S.” kompaniýasy bilen degişli şertnama baglaşmaga ygtyýar beripdi. Munuň yzy bilen, 18-nji ýanwarda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.R. Saburow hem-de “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň Lizing, müşderi maliýeleşdirmek we aktiwler ugry boýunça ýolbaşçysy Pol Meýers degişli şertnama gol çekdiler.


Uçarlaryň “P2F” (passenger-to-freighter) goşulmasy olaryň ilki ýolagçy maksatlar bilen gurlandygyny, soňy bilen-de ýük uçarlaryna täzeden düzülendigini aňladýar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri belleýär.


Breakingtravelnews neşiri uçarlaryň Türkmenistana 2022-nji ýylda getirilmegine garaşylýandygyny aýdýar.


“Türkmenhowaýollary” agentliginiň maglumatyna görä, A330-200P2F uçarlary 59 tonna çenli ýük daşap, 7 müň 400 kilometre çenli uzaklyga uçup bilýärler.


1992-nji ýylda döredilen “Türkmenhowaýollary” ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça halkara derejesinde geçirilýän reýtinglerde ýyllarboýy pes bahalary alýar. Onuň öz ýolagçylaryny köp garaşdyrmagy kemçilikleriň arasynda agzalýar. Şeýle-de, bu howaýollary kompaniýasy bilen sapar eden ýolagçylaryň ençemesiniň goşlarynyň açylandygy barada “Skytrax” neşirinde habarlar hem bar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса