Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2021

Berdimuhamedow Žaparowy Türkmenistana sapara çagyrýar

0
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sadyr Žaparowy Gyrgyzystanyň prezidenti hökmünde işe başlamagy bilen gutlap, ony özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar etmäge çagyrdy diýip, “AKIpress” habar berýär.


Berdimuhamedow öz gutlagynda iki ýurduň arasyndaky köp ýyllyk dostluk, doganlyk we gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny belläp, syýasy, söwda we ykdysady, medeni we gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.


Mundan başga, türkmen lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze, ýokary derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.


Gyrgyzystanda 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen irki prezident saýlawlarynda Žaparow 79,2% ses alyp, uly tapawut bilen ýeňiş gazandy we 28-nji ýanwarda Gyrgyzystanyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса