Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2021

Pentagon "Talybanyň" owgan parahatçylyk ylalaşygy boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigini aýdýar

0
Pentagon "Talyban" toparynyň geçen ýyl ABŞ bilen baglaşan Owgan parahatçylyk ylalaşygy esasynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigini aýtdy.


Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi 28-nji ýanwarda žurnalistlere "Talyban" zorlugy azaltmak we “Al-Kaýda” bilen gatnaşyklaryndan ýüz öwürmek baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmeýär" diýdi.


"Olar terrorçylykdan ýüz öwürmese we Owganystanyň Milli howpsuzlyk güýçlerine garşy amala aşyrýan zorlukly hüjümlerini duruzmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmese, .... ylalaşylan utgaşdyrma alyp geljek anyk ýol-ýodany görmek gaty kyn, emma biz henizem muňa ygrarly bolup galýarys"diýip, Kirbi aýtdy.


Geçen fewralda ABŞ-Talyban arasynda gelnen ylalaşyga görä, söweşiji toparyň beren howpsuzlyk kepillikleri, şol sanda "Al-Kaýda" bilen aragatnaşygyny kesmegi esasynda, daşary ýurt güýçleriniň ählisi 2021-nji ýylyň maýyna çenli Owganystandan çykmalyDY.


Bu ylalaşyk "Talybany" ABŞ güýçlerine edilýän hüjümleri duruzmaga, ýurtdaky zorlugy azaltmaga we Kabuldaky hökümet bilen parahatçylyk gepleşiklerini ilerletmäge borçly edýär.


Owgan hökümeti we "Talyban" güýzde Katarda başlanan göni gepleşiklerden soň, zorlukly hüjümleriň güýçlenmegi netijesinde, söweşiji toparyň atyşyklary bes etmäge çagyrylmagy bilen, gepleşikleri ilerledip bilmedi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса