Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

ÝB Russiýanyň hakyna tutma “Wagner” toparyna garşy sanksiýa girizer

0
Ýewropa Bileleşiginiň dünýäniň dürli künjeklerinde dowam edýän konfliktlerde ynsan hukuklaryny kemsitmegi bilen baglylykda Russiýanyň hususy harby potratçysy “Wagner” toparyna garşy sanskiýa girizmegine garaşylýar.


13-nji dekabrda Brýusselde duşuşýan ÝB-niň daşary işler ministrleri sekiz adama, “Wagner” toparyna we başga-da olar bilen ilteşikli üç edara garşy sanksiýa girizerler diýip, ÝB resmileri aýtdy.


Görüljek çäreler syýahat gadaganlygyny, toparyň Bileleşigiň çägindäki aktiwleriniň doňdurylmagyny hem-de ÝB edaralarynyň we şahsy taraplaryň sanksiýa girizilen topar bilen biznes etmeginiň gadagan edilmegini öz içine alar.


Günbatar hökümetleri Moskwany Ukrainada, Liwiýada, Siriýada, Sudanda, Mozambikde we Merkezi Afrika Respublikasynda bolan konfliktlerde “Wagner” toparyny ýarym harby güýç hökmünde ulanmakda aýyplaýarlar.


Russiýa hökümet bilen hakyna tutmalaryň arasynda ilteşigi ret edýär, hem-de olaryň söweş operasiýalaryna gatnaşandygyny görkezýän subutnamalara garamazdan, köplenç ýarym-harby güýçleri türgenleşdiriji ýa-da geňeşçi hökmünde suratlandyrýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса