Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2023

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi: Moskwanyň etegindäki şäherçede birnäçe jaý ot aldy

0
12-nji iýul güni irden Moskwanyň etegindäki Kriwtsowo şäherçesinde 3200 inedördül metr meýdanda ýerleşýän birnäçe jaý ot aldy diýip, Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi özüniň telegram habarlaşma programmasynda habar berdi.


"Ýangyn söndürijiler ýangynyň ýakyndaky jaýlara we tokaýlara ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli tagallany edýärler" diýip, ministrlik aýtdy.


“Deslapky maglumata görä, ýangyn netijesinde ölen ýa ýaraly bolan ýok" diýip, habarda bellenýär. Ýangynyň sebäbi entek belli däl. 


Solneçnogorsk dolandyryş etrabynda ýerleşýän şäherçe Kremlden takmynan 80 km uzaklykda ýerleşýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса