Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2023

Aşgabatda adam hukuklary maslahatlaşyldy, anyk gürrüň edilmedi

0
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek baradaky pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


Mejlisde toparyň şu ýylyň alty aýyndaky işiniň, halkara ynsanperwer hukugynyň durmuşa ornaşdyrylyşynyň 2021-2023-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylýar, emma ýurtda onlarça ýyl bäri saklanyp galýan hukuk bozulmalary, hususan-da metbugat, söz, pikir aýtmak azatlyklarynyň gazaply çäklendirilişi, garaşsyz žurnalistleriň yzygiderli gorkuzylmagy, döwletiň ýerli metbugata we internet ulanyjylara berk gözegçilik etmegi barada aýdylýanlara hiç bir baha berilmeýär.


Maglumat üçin aýdylsa,  ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili şu aýyň başynda Aşgabada sapar edip, häkimiýetleri metbugat azatlygy boýunça öz üstlerine alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çagyrdy. Emma berk döwlet senzurasy astynda işleýän türkmen metbugaty bu hili çagyryşlar barada habar bermeýär.


Şeýle-de, habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, mejlisiň dowamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljekki wezipeleri, möhüm ugurlary kesgitlenildi.


Azatlygyň yzygiderli habar berşi ýaly, Aşgabatdaky hökümet halkara guramalarynyň adam hukuklary baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmegi baradaky çagyryşlaryna kän baş galdyrmaýar.


Habarda nygtalmagyna görä, ýurduň adamyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişine gözegçilik etmek bu toparyň işiniň esasy ugry bolup durýar.




 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса