Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Tramp ABŞ-ny BMG-niň Adam hukuklary geňeşinden, palestinalylara kömek gullugyndan çykarýar

0
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň BMG-niň Adam hukuklary geňeşinden (UNHRC) çekilendigini yglan etdi we Waşingtonyň palestinaly bosgunlara kömek berýän BMG gullugyna serişde berilmegini dowam etdirmejekdigini aýtdy.


Tramp 4-nji fewralda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen duşuşmazyndan ozal ýerine ýetiriji buýruga gol çekdi, onuň ýurdy BMG-niň Adam hukuklary geňeşini (UNHRC) we Ýakyn Gündogardaky palestina bosgunlary üçin kömek we işler gullugyny (UNRWA) uzak wagt bäri Ysraýyla garşy nädürs çemeleşmede we antisemitizmde aýyplaýar.


ABŞ Ikinji jahan urşundan soň geljekdäki global konfliktleriň öňüni almak we halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny ilerletmek üçin Birleşen Milletler Guramasyny esaslandyrmaga kömek etdi, emma BMG-niň käbir guramalary "bu missiýadan ýüz öwrüp, ABŞ ýaranlaryna hüjüm edip, anti-semitizmi wagyz edip, Birleşen Ştatlaryň bähbitlerine ters hereket edýärler” diýip, ýerine ýetiriji buýrukda aýdylýar.


Buýruga laýyklykda, UNRWA-nyň hataryna uzak wagtdan bäri daşary ýurt terrorçylyk guramalary diýlip atlandyrylýan toparlaryň agzalarynyň aralaşandygy aýdylýar, BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň bolsa, guramany özlerini derňewden goraýjy pena hökmünde ulanmaga ýol bermek bilen, adam hukuklaryny bozýanlary gorandygy bellenýär.


Şeýle-de, ýerine ýetiriji buýruk Birleşen Ştatlaryň BMG-niň Bilim, ylym we medeni guramasyna (UNESKO) gatnaşygyny hem täzeden gözden geçirjekdigini aýtdy.


Ýerine ýetiriji buýrukda UNESKO-nyň özüni reforma edip bilmeýändigi, soňky on ýylda Ysraýyla garşy bolan meýillerini yzygiderli görkezip, bergi-borçlarynyň toplanmagy bilen baglanyşykly aladalary ýeňledip bilmeýändigi aýdylýar.


Şeýle-de, buýrukda ABŞ-nyň köptaraplaýyn guramalary maliýeleşdirmegine gaýtadan, giňişleýin syn berilmelidigi we bu işiň 180 gün içinde tamamlanylmalydygy aýdylýar. Bu syn, hususan-da, guramalaryň, konwensiýalaryň we şertnamalaryň haýsy birleriniň “Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bähbitlerine ters gelýändigini” we olaryň reforma edilip bilinjekdigini ýa-da däldigini kesgitlemeli.


Tramp prezidentliginiň ilkinji möhletinde hem Amerikany Adam hukuklary geňeşinden çykarypdy. Şol wagt ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi bolan Nikki Heýli geňeşi "Ysraýyla garşy hroniki ters meýillilikde" aýyplady we bu guramanyň agzalarynyň arasynda adam hukuklaryny bozýanlaryň hem bardygyna ünsi çekdi.


Prezident Jo Baýden BMG-niň 47 agzaly Adam hukuklary geňeşine goldawy uzaltdy, ýöne sentýabr aýynda Birleşen Ştatlaryň bu geňeşe yzygiderli ikinji möhlete dalaş etmejekdigini aýtdy.


Bu geňeşiň alyp barýan işleri dünýä ýurtlarynyň adam hukuklary ýagdaýlaryna berilýän ýyllyk synlary we hukuklaryň bozulmagy baradaky anyk aýyplamalary öz içine alýar.


UNRWA häzirki wagtda Gazadaky uruş sebäpli ýaşaýan ýerlerinden göçürilen we aman galmaklary üçin bu kömegiň eltilip berilmegine mätäç bolan 1,9 million adamyň köpüsine ynsanperwerlik ýardamyny berýär.


ABŞ-nyň UNRWA-ny maliýeleşdirmegi 2024-nji ýylyň ýanwarynda Baýden tarapyndan, Ysraýyl bu guramanyň 12 işgärini 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda HAMAS toparynyň gurnan hüjümine gatnaşmakda aýyplanyndan soň togtadyldy.


Geçirilen birnäçe deňew UNRWA-da "bitaraplygy bilen baglanyşykly meseleleriň" käbirini ýüze çykardy, ýöne Ysraýylyň esasy aýyplamalaryna hiç hili subutnama tapylmady we maliýeleşdirmegi togtatan beýleki donorlaryň köpüsi maliýe goldawyny bermeklerini dowam etdirdi.


Tramp, BMG-niň “uly mümkinçiligini” nazara alyp, Birleşen Ştatlaryň “onuň bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdirjekdigini”, ýöne Milletler Guramasynyň esasy maksadynyň konfliktleri aradan aýyrmak bolmalydygyny aýtdy.


BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň metbugat wekili Guterresiň köp sanly reformany durmuşa geçirmek, netijeliligi we innowasiýany ýokarlandyrmak üçin ýadawsyz işleýändigini aýtdy.


Stefan Dujarrik ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyna berýän goldawynyň sansyz adamyň ömrüni halas edendigini we dünýä howpsuzlygyny ýokarlandyrandygyny aýtdy.


"Baş sekretar häzirki dartgynly dünýäde bu gatnaşyklary berkitmek üçin prezident Tramp we ABŞ hökümeti bilen alyp barýan netijeli gatnaşyklaryny dowam etdirmäge bil baglaýar” diýip, Dujarrik sözüniň üstüni ýetirdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Прямая трансляция первого матча Рыбакиной на турнире в ОАЭ






Обзор пары EUR/USD. 6 февраля. Чисто техническая коррекция продолжается.

Mash: пермяк на Lamborghini устроил дрифт в селе

В аэропорту Сиэтла столкнулись пассажирские самолеты