Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27 28

AÝ/AR-nyň žurnalisti Andreý Kuzneçik, köp çaganyň ejesi Ýelena Möwşuk we ABŞ raýaty belarus türmesinden boşadyldy

0
AÝ/AR-nyň Belarus gullugynyň žurnalisti Andreý Kuzneçik, köp çaganyň ejesi Ýelena Mowşuk we ady aýdylmadyk ABŞ raýaty Belarusdaky jeza öýlerinden boşadyldy.


Azat Ýewropa/ Azatlyk radiosynyň prezidenti Stiwen Kapus Kuzneçigiň boşadylmagy baradaky habar barada gürrüň edip, şeýle diýdi: "Bu Andreý, onuň aýaly we iki ýaş çagasy üçin şatlykly gün. Üç ýyldan gowrak wagta çeken aýralykdan soň, bu maşgala prezident Trampyň arkasyndan ýene bir ýerde. Biz döwlet sekretary Rubio we onuň toparyna, şeýle-de Litwa hökümetine bu işde beren goldawlary üçin minnetdar".


"Biz öz žurnalistimiz Igor Losikiň hem tussaglykdan boşadylmagyna umyt baglaýarys" diýip, Kapus korporasiýanyň Donald Trampyň administrasiýasynyň bu ugurda görjek çärelerine bil baglaýandygyny aýtdy.


Kuzneçik, "Azatlyk" radiosynyň Belarus gullugynyň telegram kanalyny dolandyrýardy. Ol 2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda tussag edildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса