Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27 28

Özbegistanda prezident diwanynyň başlygynyň öňki orunbasaryny öldürmek synanyşygynda aýyplanan adamlara ýyl kesildi

0
Özbegistanda kazyýet, prezident administrasiýasynyň başlygynyň öňki orunbasary Komil Allamjonowy öldürmek synanyşygynda aýyplanan 10 adama garşy höküm çykardy diýip, Ýokary kazyýetiň metbugat gullugy habar berdi.


Şuhrat Rasulow, Şohruh Ahmedow we Ysmaýyl Jahongirow dagy iň uly jeza berlip, olar 23 ýyl azatlykdan mahrum edildi.


Günorta Koreýada tussag edilen telekeçi Jawlon Ýunusow 18 ýarym ýyl azatlykdan mahrum edilse, Daşkendiň Içeri işler müdirliginiň başlygynyň birinji orunbasary Doniýor Taşhojaýewe ýedi ýyl berildi.


Kazyýet bu işde aýyplanan beýleki bäş adamyň näçe ýyl alandygyny aýtmady.


Prokuror, Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatyna görä, Taşhojaýewe dokuz ýyl berilmegini sorady. Ol Allamžonowy öldürmek synanyşygynyň derňewine gatyşmakda aýyplandy.


Bu işde aýyplanýan beýleki adamlaryň haýsy maddalara laýyklykda derňelýändigi entek belli däl.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса