Türkmenistanda saç söwdasynyň 'meşhurlygy' we tebigy saça islegler artýar
Aýal-gyzlaryň arasynda öz saçyny satyp, gazanç etmäge islegler artýar.
Aşgabadyň gözellik salonlarynda aýal-gyzlaryň saçy welaýatlara garanda gymmatrak satyn alynýar. Paýtagtly zenanlar saçyny kesdirip, uzynlygyna görä, 1200 manatdan 12 müň manada çenli gazanyp bilýärler.
"Balkanabatda hem saç söwdasy ýola goýulan, ýöne arzan satyn alynýar. Iň uzyn saç üçin 2 müň manat gazanyp bolýar" diýip, balkanabatly çeşme gürrüň berdi.
Maryda salonlar saçyň hiline we uzynlygyna görä töleýär. Bahalar 500 manatdan başlanýar we 2000 ýetýär.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan türkmenistanly çeşmeleriň sözlerine görä, welaýatlarda saç satyn alyp, Aşgabada alyp barýan we paýtagtda satýan söwdagärler köp.
Saçyň hyrydarlary
Saç söwdasynyň meşhurlygynyň armagy soňky ýyllarda global derejede göze ilýär. Muňa tebigy saça bolan islegleriň artmagy sebäp bolýar.
Saç diňe bir saglyk problemalary zerarly saçyny ýitiren adamlar üçin emeli saç-parik taýýarlamak üçin däl, eýse zenanlaryň gözelligini ardtyrmak pudagynda giň ulanylýar. Saçyň uzynlygyny artdyrmak ýa-da saçy güreltmek ýaly kosmetiki hyzmatlaryň meşhurlygy artýar.
Türkmenistanda kesilen tebigy saçyň müşderileriniň arasynda studentler we döwlet edaralarynyň işgärleri köp. Azatlygyň çeşmeleri muny döwlet derejesinde ýöredilýän "millilik" syýasatynyň çäginde zenanlaryň daş-keşbine degişli girizilýän talaplar bilen baglanyşdyrýarlar.
"Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan, durmuşa çykmadyk gyzlardan dres-kod berk talap edilýär. Soňky ýyllarda ÝOJ-nyň administrasiýalary emeli saç däl-de, tebigy saç dakynmagy talap edýärler" diýip, paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde işleýän çeşme gürrüň berdi.
Zenanlardan uzyn saçly bolmak talaby ýurduň döwlet edaralarynda hem ýöredilýär.
"Türkmenistan milli awiakompaniýasynda işleýän gelin-gyzlar hem goşmaça saç edinmek hyzmatyndan giňden peýdalanýarlar" diýip, aşgabatly çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.
Saçyň uzynlygyny we gürlügini artdyrmak prosedurasynyň nyrhy ýurtda 2000 manatdan başlanýar. (Resmi kurs bilen 571 amerikan dollaryna barabar-red.)
Kesilen saç teklipleri
Saça bolan islegleriň artmagy bilen bilelikde hyzmatyň möçberi hem ýaýbaňlanýar.
Saç söwdasyna degişlik bildirişler sosial ulgamlarda hem köp duş gelýär. Bildirişlerde saçyň satyn alynýandygy aýdylýar. Hususan-da, salonlaryň işgärleriniň müşderiň öýüne baryp, alyp gaýdýandygy aýdylýar.
Şeýle-de sosial torlarda ölen aýal-gyzlaryň saçlarynyň kesilip, satuwa çykarylýandygy barada diskussiýalar köp edilýär. Türkmen dilli ulanyjylaryň birnäçe müň agzaly toparlarda anyk ýagdaýlar we özara pikir alyşmalar soňky birnäçe aý bäri dowam edýär.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ölen adamlaryň saçyny satmak bilen bagly ýagdaýlary anyklap bilmediler, emma ölüm halyndaky zenanlaryň we näsaglaryň, şol sanda onkologiýa keselli aýal-gyzlaryň saçynyň satylmagyna degişli ýagdaýlaryň seýrek däldigini tassykladylar.
"Onkologiýada himiýa bejergä başlamaly aýal-gyzlar himiýa terapiýa girmezden öň wraçlar aýallaryň saçyny syrdyrýarlar. Soň näsaglaryň bu uzyn saçlary salonlara satylýar" diýip, ýagdaýdan gönüden-göni habarly aşgabatly çeşme gürrüň berdi.
Marydaky çeşme saçyny kesdirip, öz ýakynlarynyň maddy ýüküni ýeňletmek islän ölüm halyndaky zenanyň ýagdaýyny gürrüň berdi.
"Gelnejem hassady. Ölüm ýassygyndaka: 'Dirikä saçymy kesiň-de satyň. Hiç bolmanda ýas märekämi sowmak üçin kömek puly bolar' diýip maşgalasyna sargady. Onuň saçy biline çenli ýetýärdi” diýip, çeşme gürrüň berdi.
Türkmenistandaky çeşmeler saçyny satmaga isleýänleriň köpelmegini sosial problemalar bilen ilteşdirýärler.
Saçyny satýan aýal-gyzlaryň köplenç pula mätäçdigini habarçymyz belleýär.
"Soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklar zenanlary saçyny satmaga mejbur edýär. Olaryň arasynda diňe bir eklenç aladasy bilen däl, eýsem neşekeş ýa-da psihotrop dermanlara garaşly bolup, pula mätäç zenanlar hem bolýar. Türkmençilige gelsek ilkinji alada çörek tapmak boldy. Ýurtdaky agyr ykdysady şertler aýal-gyzlary ten satmaga-da mejbur etdi" diýip, aşgabatly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Resmi taýdan boýun alynmaýan agyr işsizlik ýaly sosial-ykdysady problemalaryň fonunda zenanlaryň ten söwdasyna baş goşmagy, raýatlaryň gan tabşyrmagy ýaly ýagdaýlar köpelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.