Türkmenistana ýüzlerçe gülgüne flamingo gyşlamaga geldi
Türkmen metbugaty ýurduň Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň güýz we gyş möwsümlerinde hemişeki gyşlaýan ýerlerine dolanýandygyny belleýär.
Türkmenistanda we GDA ýurtlarynda flamingonyň bir görnüşiniň — gyzyl ganatly, gülgüne öwüsýän adaty flamingonyň köp duşýandygy aýdylýar.
Bu guşlary Ýewraziýanyň we Afrikanyň köp sebitinde görmek bolýar. Olaryň höwürtge edinip, nesil öndürýän ýerleri hem şol ýerler bolup durýar.