Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24
25
26
27
28

Häkimiýetler Remezan aýynyň başlanmagyna 15 gün galanda ýaremezan aýdyp başlan çagalara garşy göreşýär

0
Balkan welaýatynda bu ýyl çagalar ýaremezan aýdymlaryny musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň başlanmagyna ýarym aý galanda aýdyp başladylar.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýaremezan däbiniň dilegçiligiň bir görnüşine öwrülýändigini, çagalaryň aýdym aýdyp, halkdan sadaka soraýandygyny aýdýar.


Bu aralykda, häkimiýetler çagalaryň ýaremezan aýtmagynyň öňüni almaga çalyşýarlar, ymamlar wagyzlary ýaýradýarlar.


“Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde Oraza aýynyň başlanmagyna 15 gün galanda, ýagny şu hepdäniň başyndan bäri çagalar köpçülikleýin ýaremezan aýdyp, halkdan dilegçilik edip, gazanç edýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Aý senenamasy esasynda kesgitlenýän we her ýyl dürli senelere gabat gelýän Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 1-nji martyň säheri bilen başlanýar we 30-njy mart gijesine çenli dowam edýär. 31-nji martyň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.




Adatça Remezan aýynyň başlamagyna üç gün galanda, çagalar we eýjejik körpeler her gün agşamara öz ýaşaýan sebitindäki öýleriň gapylaryny kakyp, ýaremezan bentlerini aýdýarlar. Olar bu usul bilen, Remezan aýynyň ýetip gelýändigini buşlaýarlar. Ýaşaýjylar gapylaryny kakan ýaremezançy çagalara göwünlerinden çykaran zady, şol sanda süýji we köke ýa-da pul sowgat berýärler.


Polisiýa ene-atalara jerime salýar

Ýöne habarçymyz häzir çagalaryň aglabasynyň öýlere aýlanyp, gapylary kakmaýandygyny aýdýar.


Olar ilatyň köp barýan ýerlerinde, şol sanda dermanhanalaryň, bazarlaryň, super marketleriň, duralgalaryň, ýangyç guýujy beketleriň, myhmanhanalaryň öňlerinde ýaremezan aýdýarlar.


“Ýüregi ýuka käbir adamlar çagalara pul berýär. Ýöne olaryň arasynda Remezan aýynyň başlanmagyna entek ýarym aýyň bardygyny aýdyp, hiç zat bermeýänler hem bar” diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.


Bu aralykda, häkimiýetler çagalaryň ýaremezan aýtmagynyň öňüni almaga çalyşýarlar. Munuň bilen baglanyşykly, ilatyň köp barýan ýerlerinde polisiýa işgärleriniň sany artdyryldy.


“Polisiýa işgärleri ýaremezan aýdýan çagalary, ýetginjekleri saklap, polisiýa bölümine alyp gidýärler. Bu çagalaryň ene-atasyna jerime töletdirilýär” diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.


Ymamlaryň wagyzlary

Welaýat ymamlary bolsa, ýaremezanyň Oraza aýy başlanmazyndan üç gün öň aýdylyp başlanmalydygy barada wagyzlary köpçülikleýin ýaýradýarlar.


“TikTokda we Instagramda ýaýradylýan bu wagyzlarda ‘ýaremezan aýdymyny Oraza aýynyň başlanmagyna üç gün galanda aýtmaly. Eger aýdymy dört gün galanda aýdyp başlasaň hem, bu dilegçilik we günä bolýar’ diýip, welaýat ymamlary aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Mundan başga-da, Balkanabadyň ähli mekdeplerinde ene-atalara çagalarynyň ýaremezan aýtmagyna ýol bermezlik, Remezan aýynyň öň ýanyndaky şu günlerde olary okuwdan soň öýden çykarmazlyk berk tabşyrylýar.




“Mekdep ýolbaşçylary, mugallymlar bu barada ene-atalardan dilhaty hem alýarlar. Bu barada Balkanabat şäher häkimliginden ýörite tabşyryk gelip gowuşdy. Bu çäre arkaly häkim şäherde ýaremezan aýdýan çagalaryň sanyny azaltmagy maksat edinýär” diýip, bilim işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Häkimiýetler çagalaryň ýaremezan aýtmagynyň öňüni almak boýunça görýän bu çäreleriniň sebäbini aç-açan düşündirmeýärler.


Çagalaryň ýol-ulag heläkçiligine uçramagy

Balkanabat şäher ýol polisiýasynyň bir işgäriniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, bu çäreleriň esasy sebäbi çagalaryň ýol-ulag hadysasyna uçramagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly.


“Balkanabatda we Türkmenbaşyda 15-20-nji fewral aralygynda, bäş günüň dowamynda ýaremezan aýdýan çagalaryň ýol-ulag heläkçiligine uçramagy bilen bagly dokuz hadysa hasaba alyndy. Çagalar agyr we orta derejedäki şikesler bilen hassahanalara ýatyryldy. Ýol-ulag hadysalarynyň köpelendigi sebäpli, ýol howpsuzlygyna gözegçilik edýän ähli polisiýa işgärleriniň iş wagty wagtlaýyn 23:00-a çenli uzaldyldy” diýip, polisiýa işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Azatlygyň bu ýagdaýlar barada welaýat we şäher häkimliklerinden, Polisiýa müdirliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we durmuş gymmatçylygynyň arasynda, habarçylarymyz ýurtda ýaremezan däbiniň dilegçiligiň bir görnüşine öwrülýändigi barada tapgyr üçünji ýyl habar berýärler.


Geçen ýyl Türkmenbaşyda diňe çagalaryň ýa-da ýetginjekleriň däl, eýse käbir uly ýaşly adamlaryň, serhoşlaryň hem öýlere, dükanlara aýlanyp, adamlardan pul ýa-da sadaka soramagy bilen ýatda galdy.


 


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублёв — о первом выходе в финал в сезоне: рад, что вернулся на свой уровень






Экс-мэра Самары Тархова и его жену не смогут похоронить по нескольким причинам

В Александро-Невском районе мигрант поджог дом и надворные постройки

Список разрешенных имен для детей: о чем законопроект и зачем он нужен

В столице появились новые сервисы: какую полезную технику можно взять напрокат