Russiýanyň Fransiýadaky konsullygynyň ýanynda partlama boldy
“Valeurs Actuelles” media serişdesiniň habarçysy ölenleriň ýokdugyny, diňe maddy zeper ýetendigini habar berdi. Wakanyň bolan ýerinde polisiýa we ýangyn söndürijiler jemlendi.
Kanun goraýjy çeşmeleriň habaryna görä, duşenbe güni irden kimdir biri iki Molotow kokteýlini konsullygyň bagyna zyňypdyr. Golaýda ogurlanan awtoulag tapyldy diýip, neşir belleýär.
Partlama barada hem BFMTV neşiri hem habar berdi. Maglumata görä, partlamanyň bolan ýerinde azyndan otuz polisiýa işgäri we ýangyn söndürijisi bar.
Russiýanyň Marseldäki baş konsuly Stanislaw Oranskiý partlamanyň bolandygyny soňabaka "La Marseillaise" gazetine tassyklady we onuň binanyň içinde bolandygyny aýtdy.
Sebäpleri we şübhelenýänler barada entek habar bolmady.