Türkmen prezidentiniň aýal-gyzlara 8-nji mart sowgady $3 barabar bolar
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda gol çeken permanynda zenanlaryň döwlet berkararlygyny berkitmekde, sagdyn, watansöýüji nesli kemala getirmekde möhüm orun eýeleýändigi aýdyldy.
Resmi habara görä, 60 manat möçberinde pul sowgatlary 2025-nji ýylyň 1 – 6-njy marty aralygynda edaralarda we kärhanalarda işleýän aýal-gyzlara, pensionerlere, döwlet kömek puluny alýanlara, aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerde okaýan talyp gelin-gyzlara hem-de okuwçylara dabaraly ýagdaýda goşwurylar.
Tebigy resurslara baý Türkmenistanda prezidentiň adyndan Halkara aýallar gününe gabat aýal-gyzlara pul sowgady her ýyl berilýär. Onuň möçberi we gowşurylyş däbi ýyl-ýyldan köp tapawutlanmaýar.
Aýal-gyzlar körpelerden başlap, garrylara çenli ony maňlaýlaryna sylyp, prezidente alkyş aýtmaga borçly edilýär.
60 manat gara bazaryň kursy boýunça çak bilen 3 amerikan dollaryna barabar. Bu pula birnäçe kilogram sogan ýa-da bir kilogram et satyn alyp bolýar.
Emma prezident sowgady ýurduň aýal ilatynyň hemmesine berilmeýär, diňe resmi taýdan işleýänler, pensiýa alýanlar we okuwa, çagalar bagyna gatnaýanlar sowgada mynasyp diýip resmi derejede kesgitlenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.