Balkanda dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar, ölüm hadysalary barada habar berilýär
Welaýat Saglyk müdirligindäki ygtybarly çeşmämiz hassalyk zerarly ölüm hadysalarynyň hem hasaba alnandygyny aýdýar. Häkimiýetler bu saglyk ýagdaýlary barada dymýar.
“Häzir keselleýänleriň sanynyň köpdügi zerarly hassahanalar näsaglardan doly, lukmanlaryň kabulhanalarynda uly nobatlar bar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Keselçilik bokurdagyň çişmegi we beden temperaturasynyň aşa ýokarlanmagy ýaly alamatlar bilen geçýär.
Ýerli saglyk işgärleriniň ençemesiniň anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň bermegine görä, hassalaryň esasan gyzgynyny düşürmek kyn bolýar.
“Lukmanlar köp näsaga antibiotik dermanlary, sanjymlary ýazýarlar. Köp näsag öýünde bejergi alýar” diýip, ýerli lukman aýtdy.
Welaýat Saglyk müdirligindäki ygtybarly çeşmämiz hassalyk zerarly sebit boýunça 14 sany ölüm hadysasynyň hem hasaba alnandygyny belläp, adatça bolşy ýaly, bu maglumatyň köpçülige mälim edilmeýändigini nygtady.
“Heläk bolanlaryň sekiz sanysy uly ýaşly adam bolup, alty sanysy kiçi ýaşdaky çagadyr. Olaryň gyzgyny 40-41 gradusa çenli ýokarlanyp, ony aşak düşürmek başartmandyr. Munuň netijesinde dörän çylşyrymly saglyk ýagdaýlary, olaryň aýatdan ötmegine sebäp bolupdyr” diýip, çeşmämiz belledi.
Ol alty çagadan ikisiniň Gyzylarbatdandygyny, biriniň Türkmenbaşydandygyny we üçüsiniň Balkanabatdandygyny hem sözüne goşdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar, şol sanda ölüm hadysalary barada welaýat Saglyk müdirliginden resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Redaksiýamyz ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hem habarlaşyp bilmedi. Ministrligiň web sahypasynda hem dem alyş ýollarynyň keselçiliginiň ýaýramagy, umuman onuň derejesine degişli maglumat ýa-da san görkezilmeýär.
Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň keselçiligi, şol sanda dümew, gyzamyk geçen ýylyň güýz paslynda ýaýrap başlady.
Ýanwar aýynda habarçylarymyz Aşgabatda we welaýatlarda ilatyň arasynda dümew keseliniň ýaýramagynyň dowam edýändigini, paýtagtda hassahanalaryň näsaglardan dolandygyny aýdypdylar.
Bu maglumatdan bir hepde çemesi öň, Türkmenabat şäheriniň jemgyýetçilik ýerlerinde maska dakynmak talap edilip başlanypdy. Lebaply lukmanlar bu talabyň dümew keseliniň ýaýramagy bilen baglanyşyklydygyny aýdypdylar.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy güýz aýlaryndan bäri dowam edýän bu saglyk ýagdaýlary barada hiç hili gürrüň gozgaman gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.