Tagtabazarda ýerli unuň bahasy çendenaşa gymmatlady
“Ärim iş gözleginde Türkiýä gitdi. Emma iki ýyl bäri ondan habar ýok. Men çagalarym we garry enem bilen ýalňyz galdym” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda ilatyň ýaramazlaşýan un üpjünçiligi barada habar berýär. Döwlet dükanlarynda un tapdyrmaýar, ilat hususy dükanlarda gymmat bahadan satylýan unlardan satyn almaga mejbur bolýar. Ýöne ilatyň agramly bölegi unuň hususy dükanlardaky ýokarlanýan bahasynyň hötdesinden gelip bilmeýär.
“Bir halta ýerli unuň bahasy [hususy dükanlarda] 650 manada ýetdi” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.
“Gazagystanda öndürilen unuň bir kilogramynyň bahasy 22 manat” diýip, beýleki bir ýaşaýjy aýdýar.
Unuň ýokarlanýan bahasy sebit ýaşajylarynyň azyk howpsuzlygyna wehim salýar. Mümkinçiligi bolan hojalyklara welaýat merkezine ýa-da Ahal welaýatyna sapar edip, un üpjünçiligini gidermäge çalyşýar.
“Ýöne şeýle mümkinçilikler hem hemmelere elýeterli däl” diýip, sebit ýaşaýjylary aýdýar.
Mary welaýatynyň Tagtabazar etraby Owganystan bilen serhetleşýär. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä bu etrapda (öňki Serhetabat etrabynyň ilaty hem hasaba goşulanda) 30 müň çemesi adam ýaşaýar. Ýöne ýerli ýaşaýjylar bu etrabyň ilat sanynyň 10 müň adamdan hem az bolandygyny aýdyp, zerur azyk önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly emele gelen bökdençliklere nägilelik bildirýärler.
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň hasylyndan bugdaýyň satyn alyş nyrhynyň 2,5 esse çemesi ýokarlandyrylmagy bilen ýerli unuň bahasy onsuz hem gymmatlapdy. Şol gabatlar, 50 kilogramlyk haltalardaky ýerli unuň bahasy birbada sebitlere görä üýtgäp, ortaça 250 manat töwereklerinde bahalanypdy. Ýerli unuň bir kilogramynyň bahasy şonda 5-6 manat töwereginde saklanyp döwlet we hususy dükanlarda bahalar tas deňleşipdi.
Gazagystanda öndürilen unuň bir haltasy geçen ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde tas 650 manada çenli ýokarlanypdy. Häzir Tagtabazarda ýerli unuň bahasy 650 manada çykdy. Gazak ununyň bir haltasy geçen ýylkysyndan iki esse çemesi gymmatlap tas 1100 manada galdy.
Bu ýagdaý hususan-da üpjünçiligi pes hojalyklara urgy bolýar.
“Öňler döwlet dükanlarynda un arzan bahadan satylardy, indi bolsa paýok ýok. Hususy dükanlarda un aşa gymmat. Çagalarymyzy aç goýmazlyk üçin mallara niýetlenen kepek iýmini ulanmaly bolýarys. Bu ýagdaý örän agyr” diýip, 45 ýaşly erkek adam aýdýar.
Göz öňünde tutulan ýeňillikleriň çäginde azyk paýlary hökmünde ýeňillikli bahadan ilata paýlanýan bir kilogram unuň bahasy öňki ýyllarda Türkmenistanda bir manat hökmünde kesgitlenipdi. Bu bahalara laýyklykda, 50 kilogramlyk bir halta paýok uny 50 manatdan satylýardy. Ýerli ýaşaýjylar häzirki wagtda şeýle mümkinçilikleriň aradan aýrylandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy mundan ozal dekabr aýynyň ortalarynda Aşgabatda ýerli unuň gymmatlandygyny habar beripdi. Şonda söwda işgärleriniň birnäçesi 2025-nji ýyldan başlap, ýerli unuň bahasynyň gymmatlamagynyň ähtimaldygyny duýdurypdy.
“Gurply maşgalalar merkezden un getirmegi başarýarlar emma Gazagystanda öndürilen bir kilogram unuň bahasy 22 manat, bu bolsa biziň gapjygymyza gabat gelmeýär” diýip, tagtabazarly ene aýdýar.
Gazagystanyň oba hojalyk neşirlerine görä, bu ýurt 2024-nji ýylyň hasylyndan 5.3 million tonna bugdaý eksport edipdir. Media habarlarynda aýdylmagyna görä, gazak gallasynyň eksport göwrümi 20 göterim azalyp, Türkmenistan bu ýurtdan import edýän gallasynyň möçberlerini 42 müň 300 tonna çenli peseldipdir.
Bu aralykda, “Interfaks” habar agentligine görä, Russiýa Gazagystan ugry boýunça bugdaý eksportlaryny gaýtadan dikeldipdir. Gazagystan 2024-nji ýylyň 21-nji awgust – 31-nji dekabr aralygynda üçünji ýurtlardan hem-de Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girýän ýurtlardan bugdaý import edilmegine gadaganlyk girizipdi.
Mary welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan iki ýaşaýjy bu sebitde gazak ununyň bir kilogramynyň bahasynyň 22 manada çykandygyny tassyklady.
Ýurduň günbatar sebitlerinde iki hepde çemesi mundan ozal Gazagystanda öndürilen unuň bir kilogramy 8-10 manat aralygynda satylýardy.
Tagtabazar etrabynda ilat esasan maldarçylyk, ekerançylyk ýaly oba hojalyk işleri bilen meşgullanýar. Ýöne habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar sebitde dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda ilatyň işlemäge ukyply böleginiň iş gözleginde köpçülikleýin Aşgabada ýa-da daşary ýurtlara gidendigini aýdýarlar.
Adamlar bu ýagdaýyň dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen gönüden-göni baglanyşykly bolandygyny aýdýarlar.
38 ýaşly zenan maşgala hem öz adamsynyň hut şol sebäpden eklenç gözleginde Türkiýe Respublikasyna gidendigini, ýöne iki ýyl bäri ondan habar alyp bilmeýändigini aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy un ýetmezçiligi bilen bagly problemalaryň, ykdysady kynçylyklaryň ilatyň diňe bir fiziki zerurlyklaryna däl, eýsem, ýaşaýjylaryň ruhy ahwalyna-da zarba urýandygyny, halk arasynda sosial problemalaryň möwjeýändigini aýdýar.
“Adamlar aç, adamlar bir-biregi aldawa salýar, kezzaplar köpeldi, hökümet öz halkyny, hamala, doly unudan ýaly” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Olar un ýetmezçiligi boýunça esasan ýerli häkimiýetleri günäkärleýär, ýolbaşçylary halkyň aladasyny etmezlikde aýyplaýarlar.
“Häkim we onuň töweregindäki adamlar öňki döwürlerdäki baýlar ýaly diňe öz aladalary bilen gümra bolýarlar. Welaýata gelmeli döwlet uny gelmeýär, niredir bir ýerlerde arada ýitip gidýär. Unuň hususy söwdadaky bahasy bolsa, aşa gymmat” diýip, tagtabazarly ýaşaýjylar aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.