Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26
27
28

Türkmen wekiliýeti durmuş-ykdysady hukuklar boýunça hasabat bilen çykyş edýär

0
Türkmenistanyň wekiliýeti 10-njy fewral-28-nji fewral aralygynda Türkmenistanda Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Birleşen Milletler Guramasynda hasabat bilen çykyş edýär. Bu barada Guramanyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň web sahypasynda maglumat berilýär.


BMG-niň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komitetiniň 77-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilýän diňlenişikde Türkmenistanyň milli hasabatyna hem-de adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň alternatiw hasabatlaryna seredilýär.


Türkmen häkimiýetleri adam hukuklarynyň meseleleri babatynda Türkmenistanda adamyň, ilkinji nobatda, durmuş-ykdysady hukuklaryny ileri tutýandyklaryny aýdyp gelýärler. Ýöne adam hukuklaryny goraýjy toparlar Türkmenistanda raýatlaryň syýasy we raýat azatlyklary bilen bir hatarda olaryň durmuş-ykdysady hukuklarynyň hem ýeterlik derejede kanagatlandyrylmaýandygyny aýdyp gelýärler.


Türkmenistanda raýatlar ýyllarboýy dowam edýän ykdysady kynçylyklardan, azyk howpsuzlygynyň durnuksyz üpjün edilmeginden, giň ýaýran işsizlikden hem-de raýatlaryň durmuş goraglylygyň gözden salynmagyndan ejir çekip gelýärler.


Ýöne hökümet resmileri ýa-da döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şeýle meseleleri gozgamaýar. Resmi metbugat köplenç ýurtda bina edilýän kaşaň-kaşaň binalary, myhmanhanalary, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalary ýurduň ykdysady ösüşlerine delil görkezýär.


Mundan ozal, türkmen wekiliýeti ilkinji gezek 2011-nji ýylda, soňra 2018-nji ýylda raýatlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň berjaý edilişi boýunça milli hasabat bilen çykyş edipdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Рейтинг WTA. Мирра Андреева дебютировала в топ-10, Киз стала №5, Калинская выпала из топ-30






Рабочие приступили к сборке металлоконструкций на мосту через р. Синичку в Подмосковье

Откуп $20 млн: соратник Шойгу в панике пытается избежать уголовного дела

"Не плачет и не ноет": Певица Зарубина удивила своими тратами – говорит, берёт только "самое необходимое"

Москомэкспертиза согласовала проект жилого комплекса на юге столицы