Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26
27
28

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň liderleriniň ilkinji sammiti Hojantda geçer

0
Merkezi Aziýanyň üç ýurdunyň döwlet baştutanlarynyň ilkinji sammiti 31-nji martda Täjigistanyň Sugd welaýatynyň Hojant şäherinde geçiriler.


Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň prezidentleri – Şawkat Mirziýoýewiň, Sadyr Žaparowyň hem-de Emomali Rahmonyň – gerijek duşuşygy “sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar” diýip, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Edil Baisalow Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşiniň Ženewada geçirilen 58-nji mejlisinde aýtdy.


“Biz iň bir çylşyrymly meseleleri hem dialog, özara hormat we ynam ýoly bilen çözüp bolýandygyny subut etdik” diýip, Baisalow gyrgyz-täjik serhedi babatyndaky ahyrky ylalaşygy teswirledi.


Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň premýer-ministrleri – Abdulla Aripow, Adylbek Kasymaliýew we Kohir Rasulzoda – ýanwaryň başlarynda üç ýurduň serhedinde bilelikde ýygnak geçirdiler.


Olar öz ýurtlarynyň “söwda, logistika, suw we energetika serişdeleri, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriniň bardygyny” bellediler. Resmi beýanata görä, olar öz ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde serhetaşa we sebitara hyzmatdaşlygyň örän möhüm faktor bolandygyny aýtdylar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

Рублев поднялся на девятое место в рейтинге АТР, опередив американца Пола






В Музее Победы пройдет веб-конференция «Современные образовательные и патриотические туры»

Пуртов: Москва выставила на торги 8 помещений для бизнеса в Басманном районе

Фестиваль «Московская Масленица» проходит в Черемушках

Убившего женщину с синдромом Дауна рецидивиста задержали в Санкт-Петербурге